MENZILLER BIRLEŞÝÄR

01.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheri dünýäniň ulag-diplomatiýa merkezine öwrüldi. 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň hem-de ikinji «Ýaş demir ýolçular» forumynyň geçirilmegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde dünýäniň ykrar eden başlangyçlarynyň eýesidir. Bu forumyň esasy maksady GDA-nyň çäklerinde demir ýol torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek we Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakdyr.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň we GDA-a agza ýurtlaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçen bu taryhy waka, ýurdumyzyň «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyna» goşýan ägirt uly goşandydyr.

Halkyň bähbidine gönükdirilen belent maksatly işleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Yslam DÖWLETSÄHEDOW,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory,
2-nji derejeli ýurist.