SAGDYN DURMUŞ KEŞBI

04.06.2026

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna görä, sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala durmuşy, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegini kesgitleýär.

Bu Kanuna laýyklykda, bedenterbiýe medeniýetiň düzüm bölegi bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, jemgyýet tarapyndan döredilýän we ulanylýan, şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýan işiň çägidir.

Ata Watanymyz özboluşly milli ýoly bilen ösýär we özgerýär, ösüşiň ýokary depgini bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlar bilen bir hatarda, Türkmenistanda sport pudagyny halkara talaplara laýyklykda kämilleşdirmäge, sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, türkmen sportuny ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sagdynlygyň hem-de parahatçylygyň mekanyna öwürýän, türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Begenç Kerimow,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň derňew bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji,
1-nji derejeli ýurist.