ENERGIÝA SERIŞDELERI - DÖWLETIMIZIŇ KUWWATY

17.07.2026

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly eserinde buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýaşaýşymyzy elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Watanymyzyň halk hojalygynyň kuwwatly ösmeginde energetika pudagynyň orny örän uludyr. Şonuň üçin hem bu pudagy döwrebaplaşdyrmak ugrunda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Elektrik energiýasy ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, gaz turbinaly elektrik beketleri, elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik podstansiýalary, şäherlerdäki we obalardaky elektrik üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.

2021-nji ýylda Aşgabatda, Mary, Lebap, Balkan we Ahal welaýatlarynda gurlan elektrik beketleri halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Kuwwatly elektrik stansiýalary we elektrik geçirijileri yzygiderli gurulýar, bar bolanlarynyň durky häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän enjamlar, kompýuter tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlar bilen täzelenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çäreler alnyp barylýar. Tebigy energiýa serişdeleriniň tygşytlylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019–2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Konsepsiýada daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl tehnologiýalary» ornaşdyrmak ýaly möhüm işleriň meýilnamasy mynasyp ornuny tapdy. Şeýle hem kuwwatlylygy 10 MWt bolan Gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasy gurlup, ulanmaga berildi.

Şonuň bilen birlikde, Durnukly ösüşiň we Klimatyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygynyň maksadyna ýetmek ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany» amala aşyrmak üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Strategiýa laýyklykda, «Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy» atly programma hem işlenilip düzüldi.

Elektrik energiýasynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasy şertnamalaýyn esasda, bellenilen tertipde daşary ýurt döwletlerine hem eksport edilýär.

Häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özünde jemleýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň hem gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy TOPH gaz geçiriji ulgamynyň düzümleýin desgalaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasyny Owganystana, Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge, sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döredýär.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek ýaly dünýä ähmiýetli meseleleriň çözülmeginde hem elektrik energiýasynyň uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistan 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) agzalygyna kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň bellenilen kuwwatyny artdyrmaga, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň hilini düýpgöter gowulandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň ugurlaryny we mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berýär.

Güýjenmesi 500 kW bolan «Kerki» podstansiýasynyň gurlup, işe girizilmegi, Mary DES-niň güýjenmesi 500 kW bolan açyk paýlaýjy gurluşynyň, güýjenmeleri 220 kW bolan «Watan» we «Farap» elektrik beketleriniň durkunyň düýpgöter täzelenilmegi elektrik energiýasynyň öndürilişiniň mukdaryny has-da artdyrdy. Çärjew etrabynda ýerleşýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan gaz turbinaly elektrik bekediniň işe girizilmegi bolsa ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatyny 432 megawata artdyrdy. Bu diňe bir içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, doganlyk ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berdi.

Ençeme ýyldan bäri ýurdumyz goňşy Owganystana elektrik energiýasyny iberýär. Soňky ýyllarda goňşy döwlete iberilýän elektrik energiýasynyň ugurlary we möçberi ep-esli artdyryldy. Ymamnazar — Andhoý, Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileriniň gurlup, işe girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýörite ylalaşyklar esasynda goňşy Eýran we Özbegistan döwletlerine, şeýle hem Gyrgyzstan döwletine elektrik energiýasy eksport edilýär.

Ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden döwrebap peýdalanmaga hem giň mümkinçilikler bar. Şeýle döwrebap üpjünçilikleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Muhammetmyrat ANNABERDIÝEW,
Ýolöten etrabynyň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.