EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

20.07.2026

Ýakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Daşky gurşawy goramak soňky onýyllyklarda halkara jemgyýetçiliginiň esasy üns merkezinde duran, Birleşen Milletler Guramasynda giňden ara alnyp maslahatlaşylýan möhüm meseleleriň biridir. Häzirki zaman senagatynyň ýokary derejede ösmegi netijesinde daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy ählumumy meselä öwrüldi. Howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýadaky suw gorlaryna ýetirýän täsiri hem uludyr.

Döwletimiz BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary diňe ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ýurtlarynyň bähbitlerine, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň abadan we sagdyn durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen sazlaşykly, durnukly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Astana şäherinde geçirilen halkara sammitinde öňe süren başlangyçlary sebitleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga, tebigaty goramaga hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu başlangyçlar ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki ekologiýa diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny aýdyň görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» 17-nji ugry daşky gurşawy goramak we ekologiýa, 18-nji ugry bolsa «ýaşyl» ykdysadyýeti höweslendirmek bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistan ekologiýa meselelerinde anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döredýär. Kabul edilen milli kanunçylyk namalary döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda esasy hukuk binýady bolup çykyş edýär.

Şunda «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna möhüm orun degişlidir.

Bag ekmek, ýaşyl gurşawy döretmäge goşant goşmak biziň her birimiziň şu günüň hem-de geljegiň öňündäki mukaddes borjumyzdyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz geljek nesillere diňe bir ösen döwleti däl, eýsem, saýasynda dynç alarlyk ýaşyl baglary, arassa howany we dury suwy miras galdyrmalydyrys.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna hem-de durnukly ösüşine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar dowam edýär. Tebigy goraghanalaryň giňeldilmegi, tokaý zolaklarynyň döredilmegi we «ýaşyl» şäher taslamalarynyň ösdürilmegi ýaly çäreler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna girýär. Şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa biliminiň ýokarlandyrylmagyna, halkara ylmy taslamalara gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Rüstem DAŇATAROW,
Ruhubelent etrabynyň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.