08.08.2026
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» atly kitabynda: «Türkmenistan öz ykdysady nusgasyny düzmek bilen, ykdysadyýetini dünýä hojalygyna amatly girizmek arkaly milli bähbitleri goramagy esasy wezipe edip goýdy» diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda düýpli ylmy esaslara daýanýan köpugurly ykdysady syýasat üstünlikli amala aşyrylýar.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ýurdumyzyň ykdysadyýetde bazar gatnaşyklary görnüşini saýlap almagy ykdysady işiň dürli ugurlarynda erkin bäsdeşligiň goldanylmagyna giň şertleri döretdi. Bu bolsa bazarlarda haryt bolçulygynyň saklanmagyna, halkymyzyň eşretli, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna aýdyň ýol açdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň VII bölümi «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» diýlip atlandyrylýar. Esasy Kanunyň 134-nji maddasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi barada bellenilip, ýurdumyzyň ykdysady gatnaşyklarynyň konstitusion-hukuk esasy kesgitlenilýär.
Bu ugruň hukuk düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Raýat kodeksi arkaly giňişleýin ösdürilýär. Türkmenistanyň Raýat kodeksi Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan soň milli raýat kanunçylygynda ýokary hukuk güýjüne eýedir. Ol ýurdumyzyň bütin çäginde raýat dolanyşygyna gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny, eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny we ony amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň Raýat kodeksi haryt-pul, şertnamalaýyn we gaýry borçnamalary, şonuň ýaly-da beýleki emläk gatnaşyklaryny we olar bilen baglanyşykly emläkleýin däl şahsy gatnaşyklary hem-de kanunda bellenen gaýry gatnaşyklaryň birmeňzeş düzgünleşdirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen pudaklaýyn, kodifisirlenen kadalaşdyryjy hukuk namasydyr.
Kodeks raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny, raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan şahslaryň hukuk ýagdaýyny, olary goramagyň usullaryny, raýat-hukuk şertnamalaryny, mysal üçin, satyn almak-satmak we sarp ediş çygryndaky beýleki şertnamalary, şeýle hem düzgünleşdirilmegine degişli edilen beýleki hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň herekete girizilmegi ata Watanymyzda bazar gatnaşyklarynda erkin bäsdeşligi goldamaga, goramaga we ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Raýat kodeksi ýurdumyzyň haryt bazarlarynda erkin bäsdeşligi üpjün etmekde esasy hukuk kepillikleriniň binýady hasaplanylýar.
Berkarar döwletimizde bäsdeşligi goramak we üpjün etmek bilen bagly jemgyýetçilik gatnaşyklary Türkmenistanyň Raýat kodeksinden başga-da, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, Jenaýat kodeksi ýaly kodifisirlenen kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilip, bu boýunça bellenen düzgünleriň bozulandygy üçin degişli hukuk jogapkärçiligi göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, gürrüňi edilýän jemgyýetçilik gatnaşyklary şu çygyra gös-göni niýetlenen «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlary arkaly toplumlaýyn düzgünleşdirilýär.
«Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasynyň birinji böleginde döwletiň kärhanalaryň arasyndaky erkin bäsdeşligi üpjün edýändigi, telekeçiligiň islendik ugrunda betnebis bäsdeşlik edilmeginden we monopolýalaşdyrmak halatlaryndan telekeçileri goraýandygy barada hukuk kadasy berkidilendir.
«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasynda bolsa, döwlet häkimiýet we dolandyryş hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna bahalaryň ynsapsyz bäsdeşlige getirýän ýokarlanmagyna ýa-da öňki derejesinde saklanyp galmagyna, bazaryň çäk ýörelgesi boýunça, satylyş ýa-da satyn alnyş möçberi boýunça, satylýan harytlaryň görnüşleri boýunça ýa-da satyjylaryň, ýa-da alyjylaryň toparlary boýunça bölünmegine, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň harytlarynyň bazara çykarylmagynyň çäklendirilmegine ýa-da olaryň bazara goýberilmezligine, getirýän ýa-da getirip biljek ylalaşyklary baglaşmagyň ýa-da ylalaşykly hereketleri amala aşyrmagyň gadagan edilýändigi bellenilýär. Munuň özi bazarda hojalyk işini alyp barýan subýektleriň arasynda erkin bäsdeşligi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar.
«Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynyň 2-nji bendinde söwda işi çygrynda döwlet syýasatynyň harytlaryň hereketiniň durnukly ulgamynyň üpjün edilmegine we sarp ediş bazarynda monopoliýalaşmagyň ýüze çykma mümkinçiliginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilýändigi barada nygtalýar.
Gürrüňi edilýän çygry düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary ýokarda sanalyp geçilen hukuk namalary bilen çäklenmeýär. Ol ýurdumyzda sarp edijileriň hukuklaryny goramak bilen bagly kanunçylyk namalary bilen utgaşyp gidýär.
Şonuň üçin hem bu ugry düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary bellenende «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda», «Standartlaşdyrmak hakynda», «Ätiýaçlandyryş hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki hukuk namalary belläp geçsek, maksadalaýyk bolar.
Umuman, Diýarymyzda haryt bazarlarynda hojalyk işini alyp barýan subýektleriň arasyndaky bäsdeşligiň üpjün edilmegini kepillendirýän ygtybarly kanunçylyk namalarynyň toplumy hereket edýär.
ÇaryRahmanow,
Türkmenbaşy şäheriniň prokuraturasynyň tälim alyjy sülçüsi