ÖÝI ÖÝ EDÝÄN

20.08.2026

Ir döwürler kän ýurtlara syýahata gidip, söwda edip ýören täjir bar ekeni. Ol baran ýerinde diňe bir söwda etmän, eýsem, danalar bilen söhbetdeş bolar ekeni. Günleriň birinde saýry ýurtlaryň birine ýoly düşýär. Täjir söwdasyny edip, adat bolşy ýaly, danalar bilen söhbet gurupdyr. Şonda danalaryň biri: «Aýal maşgala adamzady bagtyly etmek hikmeti berlen» diýip söhbete başlapdyr. Täjir dana pikirini düşnükliräk beýan etmegi haýyş edende, dana bir aýalyň bir öýi kyrk ýyl saklabam, kyrk ýylda gurlan öýi bir ýylda ýumrup biljekdigini aýdypdyr. Täjir dananyň pikiri bilen ylalaşmandyr, ýöne içki pikirini daşyna çykarman, ýurduna dolanypdyr.

Täjiriň iki sany ýetişen gyzy bar ekeni. Ol öýüne baryp, gyzlaryny ýanyna çagyryp, häli dananyň söhbetinden gürrüň açyp, gyzlaryndan: «Öýi öý edýän, berkligini saklaýan kim?» diýip sorapdyr. Uly gyzy sagymdan: «Elbetde, erkek adam» diýip jogap beripdir. Täjir gyzynyň jogaby bilen ylalaşyp, oňa guwanypdyr. Soňra kiçi gyzyndan pikirini soranda, ol: «Öýi öý edýän aýal maşgala» diýip jogap beripdir. Täjiriň kiçi gyzynyň jogabyna gahary gelipdir. Ol gyzlaryny durmuşa çykarmagy ýüregine düwen ekeni. Şeýlelikde, uly gyzy başarýan, kärini ele alan tüçjar täjir ýigidine, kiçi gyzyny bolsa öz öýünde talabançylyk edýän öýsüz-öwzarsyz bir garyp ýigide durmuşa çykaryp, «Hany, seniň öý edişiňi göreli» diýip, agyr kerweni haryt­dan dolduryp, uzak söwda saparyna ugrapdyr. Mal-mülküni wepaly hyzmatkärleriniň birine tabşyryp, özüniň bäş ýyldan dolanjakdygyny, kiçi gyzyna hiç hili ýardam bermezligi sargapdyr.

Täjiriň kiçi gyzy­nyň adamsy ony köne külbesinde galdyryp, başga bir kerwen bilen ýola rowana bolupdyr. Ýigidiň goşulan kerweniniň kerwenbaşysy ýigide ýolda iýjek-geýjegini berjekdigini, zähmet hakyny bolsa iş ýöredijileriniň her aýda onuň aý­alyna getirip bermek şerti bilen, ony ýanyna alan ekeni. Ol gyz gaty akylly we zähmetsöýer ekeni. Şeýlelikde, adamsynyň gazanjyny tygşytly ulanypdyr. Bir ýyllyk gazanjy jemläpdir welin, oňa bary-ýogy 10 goýun düşüpdir. Täjiriň gyzy goýunlary köpel­d­ip, ýüzünden haly, palas dokap, süýdünden süzme, gatyk, gurt edip satyp, ep-esli gur­plan­ypdyr. Adamsynyň ikinji ýylky gazanjyny hem goşup ýer alyp, bag oturdypdyr. Bäşinji ýyly onuň goýunlary köpelip, süri bolupdyr, oturdan nahallary miwe beripdir.

Adamsy bäş ýyl diýlende, kerwen bilen yzyna dolanyp gelipdir we köne külbesini ýerinden tapmandyr. Ol külbesiniň ýerine bagly-bakjaly, köşk ýaly jaý görüp, geň galypdyr. Jaýyň bosagasynda ýüzi nurana, mähir bilen garap duran zenanyň özüniň aý­alydygyny göreninde, öýüň özü­niňkidigine düşünipdir.

Täjiriň uly gyzy zähmet çekmegi halamandyr. Ol atasynyň öýündäki ýaly bezäp-be­slenip ýörmegiň aladasynda bolupdyr. Onuň baran täjir ýigidi şäheriň merkezinde uly bir dükan ýöredýär ekeni. Ol adamsynyň bir ýylda gazanan­yny bir aýda sowupdyr, sowan pulunyň hasabyny bil­mandyr. Soňabaka täjir ýigit dükandaky saty­jylar üçin hak tölemäge güýji ýet­män, aýaly bilen özi dükan aç­magy bolupdyr. Aýaly söwda etmegi-de halamandyr. «Güler ýüziň bolmasa, dükan açyp oturma!» diýleni, bularyň dükanynyň müşderisi kemelipdir. Ahyrynda täjir ýigit söwda gaýtadan başlamak maksady bilen, dükanyny we öýüni satyp, kerwen bilen uzak ýurtlara söwda saparyna ugraýar. Täjiriň gyzy çagalary bilen atasynyň öýünde adamsynyň gelmegine garaşmaly bolupdyr.

Täjir agyr kerwen bilen uzak sapardan dolanyp gelende, bolup geçen zatlara ynanmandyr. Şol dananyň sözlerini ýadyna salyp, dogrudan-da, «Öýi öý edýän aýal ekeni» diýip gaýtalapdyr. Kiçi gyzyny ýanyna çagyryp, ondan ötünç sorapdyr. Täjir­lige ýetişen bir wagtky talaban ýigit bilen kyrk gije-gündizläp gyzyna toý tutupdyr.

Jennet Arazowa,
Arkadag şäheriniň prokurorynyň
kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar
hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilisine
gözegçilik bölüminiň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.