25.08.2021
Hormatly Prezidentimiziň: «...Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýen parasatly jümlesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek aladasyny döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp wezipesi edip, öňümizde goýmaga esas bolýar.
Maşgala jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýar. Adamyň durmuş ýolunda, geljekde öz ornuny tapmak meselesinde maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň çäkli ömründe berk maşgala gurup, agzybirlikde, söýüp, söýlüp ýaşamagy durmuşyň manysy diýsek hem ýalňyşmarys.
Maşgala — keramatly, mukaddes ojak. Maşgala — adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan adamlaryň şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydygy barada Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde bellenilýär.
Maşgala gurmak adamyň durmuşynda esasy meseleleriň biri. Ony gurmakdan öňürti maşgalada agzybirligi, birek-birege hormat-sylagly gatnaşyklary saklap bilmegiň hakynda oýlanmak zerurdyr. Sebäbi, maşgala kadasy muny berk talap edýär.
Nika baglaşmagyň kanuny tertibi barada durlup geçilse, Türkmenistanda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanda diňe RÝNÝ edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär.
Nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär. Nika ýaşy 18 ýaş diýlip bellenilýär. Aýratyn halatlarda esasly sebäpler bolan ýagdaýynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilner.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, nika diňe erkin we özara razylygy boýunça baglaşylyp bilner.
Nika ýaşyna ýeten we nika baglaşmak isleýän adamlar olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralaryna arza bermäge haklydyrlar.
Nika baglaşmak isleýän adamlardan arzalary kabul eden RÝNÝ edaralary olary nika baglaşylmagyny bellige almagyň şertleri we tertibi bilen tanyşdyrmaga, bu adamlaryň özleriniň saglyk ýagdaýy we maşgala ýagdaýy hakynda habarlydyklaryna göz ýetirmäge, şeýle hem olara geljekki är-aýal we ata-ene hökmündäki hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge hem-de nika baglaşmaga ýol bermeýän ýagdaýlaryň gizlenilendigi üçin jogapkärçilik barada duýdurmaga borçludyrlar.
Şeýlelikde, nikanyň resmileşdirilen gününden başlap hem maşgala gatnaşyklary kemala gelip başlaýar. Maşgalanyň baş wezipesi bolsa jemgyýet üçin mynasyp çagalary terbiýeläp ýetişdirmek hem-de olaryň jemgyýetçilik bähbitli haýyr işlere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdyr.
Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek, ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada alnyp barylýan işiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Döwletimiziň kanunlary ähli raýatlary çagalary terbiýelemek hakynda alada etmäge, olary jemgyýet üçin peýdaly zähmete taýýarlamaga, jemgyýetimize mynasyp adamlary ösdürip ýetişdirmäge borçly edýär.
Bu babatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Ata-eneler çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we şol bir wagtda hem borçludyrlar» diýlip kesgitlenilendigini nygtasak ýerlikli bolar.
Terbiýe diýlip, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine milli we umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary hem-de özüňi alyp barmagyň türkmen jemgyýetinde kabul edilen düzgünleri we kadalary esasynda şahsyýetiň ösmegine we kämilleşmegine gönükdirilen işe düşünilýär.
Türkmen halky hemişe özüniň halallyk, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, geçirimlilik, birek-birege ynam ýaly ajaýyp endikleri bilen tanalypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerimiz üçin ündeýän parasatly sözlerine eýerip, özümizde jemlän terbiýe mekdebimizi geljekki nesillere miras goýup, kanunlarymyzy pugta berjaý etmelidiris. Geçmişe göz aýlasak, nesil terbiýesi barada ata-babalarymyz köp işleri alyp barypdyr. Gorkut atamyzyň «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz», «Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan, dogmadygy ýeg» diýen parasatly sözleri türkmen maşgalasynda terbiýeçilik mekdebine öwrüldi.
Geljekki nesliň terbiýeli we kämil sowatly bolmagy köp derejede olaryň ata-enelerine baglydyr. Sebäbi çaga dünýä inenden soň, onuň ilkinji terbiýeçisi, maslahatçysy onuň ata-enesi bolýar.
Biz çagalarymyza, ilkinji nobatda ata-ene diýmegi öwredýäris. Ata, ene, Watan diýen sözleri çaganyň ilkinji gezek aýtmagy onuň ata- enesine, Watanyna sarpa goýmagynyň başlangyjydyr. Maşgalada ata-ene tarapyndan berilýän edep-terbiýäniň, görkezilýän görüm-göreldäniň üsti bilen çaga jemgyýete uýgunlaşyp, onuň bir agzasyna öwrülýär.
Halkymyzyň maşgalada çagany terbiýelemegiň gadymdan gelýän baý tejribesi bar. Maşgalada çagany ahlak we hukuk kadalarynyň talaplaryny berk berjaý edilmegi ugrunda terbiýelenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Adam ýaşy näçe bolsa-da, özüniň ýaşlygynda alan terbiýesi, görüm-göreldesi, edep-ekramy esasynda özüni kämilleşdirýär. Ýaşlygyňda, hususan-da çagalyk ýyllaryňda maňzyňa guýlan edep zandyňa ornaýar. Soň durmuşda ol saňa hemişe uly işlere hyjuw berýär» diýlen ajaýyp sözler bar.
Türkmençilikde erkek adamlar maşgalabaşy hasaplanýar. Maşgalabaşy maşgalasynyň abatlygyny saklajak bolsa, ilkinji nobatda geçirimli bolmaly, maşgala agzalary bilen her bir meselede düşünişmäge hem-de ylalaşykly ýaşamaga çalyşmaly. Olaryň säwliklerini düzetmeli, kömek etmeli, bilmeýän zatlaryny öwretmeli. Gerek bolsa tejribede görkezmeli, maşgalada ata-ene öz hakyky orunlarynda bolup, borçlaryny bolmalysy ýaly ýerine ýetirseler, ol maşgala agzybir bolýar, çagalary mynasyp terbiýe alýar.
Ata-eneler çagalarynyň sapaklaryna nähili ýetişýändigi, kim bilen gatnaşýandygy bilen gyzyklanmaly. Sebäbi ata-babalarymyz: «Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň, — belasy» diýipdirler.
Görşümiz ýaly, ata-enäniň çagasynyň geljekde Watanyna wepaly, il-güne mynasyp şahsyýet bolup ýetişmeginde oňa edýän täsiri diýseň uludyr. Ata-enäň çaga beren terbiýesi onuň jemgyýete peýdaly adam boljakdygyny kesgitleýär.
Röwşen geljegimiziň dowamaty bolan ýaşlaryň ahlak taýdan kämil, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-düşünjeli, zähmetsöýer, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin mynasyp goşant goşmak bolsa hemmämiziň ynsanlyk borjumyzdyr.
Maýsa KURBANOWA, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.