30.08.2026
Türkmenistanyň milli we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kadalary çaganyň hukuklarynyň doly amala aşyrylmagy üçin maşgalada oňaýly şertleriň döredilmegini gazanmaga gönükdirilendir. Bu kadalar çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmünde kemala gelmeginiň hukuk derejesini kesgitleýär we olaryň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň kepilliklerini belleýär.
«Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde çagalaryň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly kadalar beýan edilýär. Ady agzalan kanunçylyk namalarynda çaganyň ata-enesiniň aradan çykmagy bilen ýetim galmagy, çaganyň ata-eneleriniň ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmegi, olaryň ata-enelik hukuklarynyň çäklendirilmegi, ata-eneleriniň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilmegi hakyndaky kadalar bolup, çagalaryň ata-eneleriniň howandarlygyndan galan halatlarynda olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň üstüne ýüklenilýändigi we çagalaryň kanun esasynda goraglylygynyň kepillendirilýändigi kesgitlenilendir.
Çagalaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Kürrük Gylyjow,
Balkan welaýatynyň harby prokuraturasynyň sülçüsi,
2-nji derejeli ýurist.