05.09.2026
Ata Watanymyzyň röwşen geljegini dowam etdirjek ýaş nesillerimizi ösdürip ýetişdirmekde uly işleri durmuşa geçirýän, mertebesi mukaddes Käbä deňelýän mähriban enelerimize, gül ýüzli zenanlarymyza uly hormat goýulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen zenanlara hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelerimiz täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Bu günki gün Ogulabat ejäniň öz baldyzyna 1971-nji ýylda sowgat hökmünde bejeren kürtesi, ören gülli joraby Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýini baýlaşdyran amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgasy boldy. Üstünden ýarym asyrdan hem köp wagtyň geçendigine garamazdan, inçeden çekilen keşdeleriň el degmedik ýaly lowurdap durşy, nepis örülen jorabyň läle kibi gülleri türkmen gelin-gyzlaryna nusgalyk sungat mekdebidir.
Munuň özi türkmen maşgalalarynda gyzjagazlaryň hünärli we edepli bolup kemala gelmeklerinde hem taýsyz göreldedir. Ogulabat ejäniň döreden el işlerini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserindäki: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýen setirleri hakydaňa dolýar.
Kitapdaky: «Mertler Watany beýgeldýär, Watan hem öz ogullaryny beýgeldýär. Şol beýikligi bolsa, ilki bilen, mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewülikdir. «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr» diýlen setirler Milli Liderimiziň enelere sarpasynyň beýikliginiň güwäsi bolup dabaralanýar.
Türkmen eneleriniň öz çagalaryny watansöýüji, zähmetsöýer, ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde edýän çäksiz aladalary, söýgüsi, milli däplere we maşgala ojagyna wepalylyk ýaly gymmatly ynsan häsiýetlerini terbiýelemekdäki orny nusgalykdyr.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Mämmet Seýidowyň döredijiliginde:
Öňüňde baş egýän, eý, beýik alym,
Beýik alym, bar saňa bir sowalym:
Ýeriň çekiş güýji, enäniň mähri
Haýsysy güýçlüdir, etmezmiň mälim?
diýip, ene mähriniň çäginiň ýokdugyny şeýle setirler bilen düşündirýär.
Şahyr Sädi Sädiýewiň «Ene hakda» atly goşgusyndaky:
Ene hakda kän ýazyldy,
Sebäp ol hem meleň borjy.
Şu söz bilen tapylandyr,
Dünýäň kelebinň ujy.
diýen setirlerini okanyňda, ene mertebesine berlen kämil jogaby tapýarsyň.
Taryhy kökleri alyslardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halky kuwwatly, dörediji we şöhratly halkdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, asmanymyzyň asudalygynda, Zeminimiziň läle-reýhanlygynda bize diňe öwrenmek, gurmak, döretmek, rahat ýaşamak, dünýä derejesinde ylymly adamlar bolmak we halal ýoldan ýöremek galýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Jennet Arazowa,
Arkadag şäheriniň prokurorynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi