08.09.2026
Gahryman Arkadagymyzyň: «...ýaşlara berjek öwüdüm — hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň! Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Uly höwes bilen okamak, öwrenmek, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy diýip hasaplaýaryn» diýen sözleri gursagymyzda orun aldy. Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly-da, döredijiligi-de halky sowatlylyga, ylymly-bilimli bolmaga çagyrýar.
Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, çuň manyly döredijiligini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek, onuň goşgularynda öňe sürülýän belent pikirleri öwrenmek babatda birnäçe işler alnyp barylýar. Mysal üçin, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ähli watandaşlarymyz üçin buýsançly waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragynyň pelsepewi esaslara, ylahy garaýyşlara, dünýewi ýörelgelere ýugrulan çeper döredijiligi özboluşly mekdepdir» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçişi ýaly, şahyryň döredijiliginde sowatlylyk pelsepesi aýratyn orny eýeleýär. Dana Pyragynyň 1977-nji ýylda neşir edilen kitabyndaky goşgularyny okanymyzda, onuň ylym-bilime uly hormat goýandygyna göz ýetirmek bolýar. Idris baba, Şirgazy, Gögeldaş medreselerinde bilim alan akyldar şahyryň döredijiliginde sowatlylyga, bilimlilige çuňňur garaýşyny aýdyň duýmak bolýar.
Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,
Dür bolsun daýyma, sözlegen sözüň.
Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň, kördek bolarsen.
Alymlara uýmak — pähim-parasata, paýhasa sygynmak. Bu babatda dana şahyryň ylma bolan garaýşy pelsepewi esasda açylýar. Alymlara we ylma uýulmagy, hormat goýulmagy ynsanyň gözüniň açylmagy, onuň dünýägaraýşynyň giňligi bilen baglydyr.
Kämil ylym we bilim sowatlylygyň gözbaşydyr. Ylym ynsana durmuşyň manysyna düşünmäge, päk maksatlaryna ýetmäge, il-ýurt üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga ýardam berýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ylym-bilime bolan hormat-sarpanyň belent bolmagy akyldaryň ylmy nukdaýnazardan kämillige ýetendiginiň, alymlaryň parasatly pikirlerine sygynyp ýaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz Watanymyzy dünýä derejesindäki ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz ebedidir.
Şirguly Şirkulyýew,
Döwletli etrabynyň prokurory,
2-nji derejeli ýurist.