03.09.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň höküm sürmegi üçin çäksiz tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň her gezekki ýygnaklarynda, döwlet maslahatlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny hem-de döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde wezipe edip goýlandygyny belleýär. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilmäge başlanan özgertmeleriň döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi we olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy talap edýändigini nygtaýar. Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň okgunly öňe barýan dünýäniň, halkara jemgyýetçiligiň ösüşlerinden birjik-de yza galmaly däldigini hälişindi tekrarlaýar we bu babatda zerur bolan çäreleri haýal etmezden durmuşa ornaşdyrýar. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynda öňdebaryjy täzelikleriň orun almagy döwletimiz hem jemgyýetimiz üçin adam ömrüniň we saglygynyň iň gymmatly baýlykdygyny we ony ähli oňaýsyz täsirlerden hem-de jenaýatçylykly hyýanatçylyklaryň dürli görnüşlerinden goramak üçin ýurdumyzda ähli zerur çäreleriň görülýändigini subut edýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň agzalary bilen geçirýän duşuşyklarynda häzirki döwürde jenaýat, jenaýat iş ýörediş we jenaýat ýerine ýetiriş hukugyna, şeýle hem hukuk ulanyş ulgamynyň düzgünlerine toplumlaýyn, özara baglanyşykly düzedişleri girizmäge uly üns bermelidigi barada belläp geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň hut şu görkezmesinden ugur alyp, prokuratura işgärleri jenaýatçylyga garşy göreşi, onda-da, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda bu nogsanlyklara garşy göreşi has giňden alyp barmak maksady bilen, ýerlerde, edara-kärhanalarda, aýratyn hem, orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýärler. Daşoguz şäher prokuraturasynyň işgärleri tarapyndan şäheriň çäginde şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi hem hormatly Prezidentimiziň görkezmesiniň ýerlerde doly we dogry berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Miýassar ABDURAHMANOWA, Daşoguz şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.