ANYK MAKSAT – AÝDYŇ ÝOL

15.09.2021

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda pandemiýa garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryň ilkinjileriniň hatarynda orun eýelemegi, adam we onuň saglygy hakyndaky aladany esasy orunda goýýan ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň diňe bir ýurt ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde ähmiýetli, ynsanperwer ugurlary nazarlaýandygynyň subutnamasydyr.

Ýurdumyz tarapyndan dünýä ykdysadyýetini dikeltmegiň aýratyn ugurlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ugurdaş düzümleriniň işiniň güýçlendirilmegini pandemiýanyň ýaramaz täsirlerini azaltmagyň has netijeli usuly hasaplanylýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyjyna tutanýerlilik bilen çemeleşip, dünýä halklarynyň ünsüni we ylmy, ykdysady kuwwatyny ählumumy häzirki döwrüň wajyp meselelerine gönükdirmekde uly sepgitlere ýetendiginden nyşandyr.

Ykdysadyýetiň durnuklylygyny we ösüşiň belli bir derejesini saklap galmak häzirki döwürde pandemiýa bilen göreşýän dünýä halklarynyň ählisi üçin wajyp mesele bolup durýar. Agzalan resminamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, häzirki adatdan daşary şertlerde sarp edijileriň lukmançylyk serişdeleri, azyk önümleri we gündelik zerur harytlar bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň durnuklylygy gazanylar. Pandemiýa we ondan soňky döwürde ykdysadyýetde durnukly ösüşi gazanmakda ulag ulgamynyň giň mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanylar. Şeýle-de, ählumumy ysnyşykly we özara bähbitli ulag hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti artar.

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Awazada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda COVID-19 sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleri azaltmagyň derejesine gönüden-göni bagly bolan meseleleri çözmäge ulgamlaýyn we ýokary hünär ussatlygy derejesinde çemeleşmegi talap edýändigi, şonuň bilen baglylykda, ylym diplomatiýasynyň ugry boýunça ýurtlarymyzyň lukmançylyk jemgyýetçilikleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de koronawiruslaryň gelip çykyşlarynyň tebigatyny, şolar sebäpli döreýän keselleriň ýüze çykyşynyň görnüşlerini giňişleýin öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň hem-de olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Ýeri gelende bellesek, agzalan duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamanyň 19-njy böleginde ylym diplomatiýa ugry boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we bilimiň ugurdaş beýleki ugurlaryndaky hünärmenleriň yzygiderli gatnaşyk saklamagy üçin ähli zerur şertleri döretmek barada ylalaşmaklary, şeýle-de howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmak maksady bilen, taraplar wiruslaryň we beýleki ýokanç keselleriň, olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykyş görnüşleriniň tebigatyny, ýokanç keselleri bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny öwrenmek boýunça sebit mehanizmini döretmek baradaky meselä seretmegi zerur hasap etdiler. 

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny, öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny, Ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini, Merkezi Aziýanyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini esaslandyrmak barada teklipleri öňe sürmeginiň maksat edinilmegi-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmy taýdan esaslandyrylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesinden gözbaş alan kesele garşy göreş usullarydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy goraýşyň aýry-aýry ugurlary boýunça dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ylmy-kliniki merkezler hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi ylmy taýdan öwrenilen, 12 jiltden ybarat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri bolsa keremli topragymyzyň müň bir derde derman ösümlik dünýäsini öwrenmekde diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä halklary üçin hem gymmatly gollanmadyr.

Milli Liderimiziň Karary bilen rejelenen görnüşde tassyklanylan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda lukmançylyk ylmy barlaglaryň çäklerinde anyk ugurlar boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Hususan-da, bu maksatnamada ilatyň sagdyn iýmitlenmegi bilen bagly iýmit önümleriniň ýokumynyň goşmaça witaminler we minerallar bilen güýçlendirilmegini ylmy taýdan öwrenmek we tejribä ornaşdyrmak, ýurtda öndürilýän azyk önümleriň mikro, makro elementler we witaminler düzüminiň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek we olaryň ýokumlylygy barada maglumatlar binýadyny döretmek boýunça işleri geçirmek, wirusly ýokançlaryň ýaýramak häsiýetlerini barlaghana usullary bilen kesgitlemegiň täze usullaryny öwrenmek bellenilendir.

Döwletimizde saglygy goraýyş çygrynda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Adamyň immun ýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň hereket etmegi degişli ugurda alnyp barylýan işleriň kämil hukuk binýadyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda başy başlanan halkymyzy, tutuş dünýäniň halklaryny ýiti ýokanjyň pandemiýasyndan goramaga gönükdirilen işler hem ähmiýetli başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapmagy bilen, tutuş adamzadyň abadan geljege bolan ýagşy umydy jebisleşen güýje öwrülip, Zeminde sag-salamatlygyň höküm sürmegine ýol açýar.

Dünýä halklarynyň saglygyny goramak babatda belent başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.