17.09.2021
Hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürmek bilen bu babatda giň möçberli işlere badalga berýär. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu mesele Ýer ýüzünde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy sebäpli häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmak arkaly ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Bu işlerde ilatyň köpçülikleýin sanjylm edilmeginiň guramaçylykly alnyp barylýandygyny guwanç bilen bellemelidiris.
Şeýle saglygy goraýyş çäreleri biziň etrabymyzda-da bildirilýän talaplara eýerilip, ýola goýulýar. Agyz-burun örtügini dakynmak, kesgitlenen aralygy saklamak, arassaçylyk we şahsy gigiýenanyň kadalaryny doly we dogry berjaý etmegiň ilatyň arasynda wagyz-nesihat edilmegi gowy netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Ilatyň saglygyny goramakda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmak möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem etrabymyzda alnyp barylýan düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerinde şu meselä-de uly üns berilýär.
Baş saglygymyz her birimiziň bahasyna ýetip bolmajak baýlygymyzdyr. Şeýlelikde, il--günümiziň saglygy ýurdumyzyň baýlygydyr. Şonuň üçinem saglygymyz hakynda alada her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Ýokarda ýatlanan kadalary berk berjaý etsek, öz saglygymyzam, ýakynlarymyzyň saglygynam goradygymyz bolar.
Maksat BAZAROW. Murgap etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.