SAGLYGYM — BAÝLYGYM (OÝLANMA)

20.09.2021

 

Olaryň gülüp duran bigam gözleri bagtyýarlyk döwrüniň bagta baýlygyndan habar berýär. Dür saçýan dilleri öýde ata-eneleridir ulularyň, ýurtda döwletimiziň hem Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber uly aladalary bilen juda eý görülýändigini äşgär edýär. Çaganyň juda näzik hem duýguçyl kalby söýgi, mähir, üns-alada bilen gurşalanda bolsa, öwredilýän harplardyr sözler, diňlenilýän öwüt-ündewlerdir ertekiler, okalýan goşgulardyr sanawaçlar naşyja ýürekleri heýjana getirip, şirin aýdyma öwrülýär. Ony biz güýz paslynyň ilkinji şenbesi Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginde jan-tenden duýduk. Binanyň giň sahnasynda keýik owlajygy ýaly bökjekleşýän balalar, göýä, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna getiren toý sowgatlaryny halkymyza buşlaýana çalymdaşdylar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Ýüplük fabriginde zähmet çekýän raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi, etrap polisiýa bölümi, etrap prokuraturasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň esasy maksady ynsanlaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakdan, keselleriň öňüni almakdan, şeýle-de jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda edýän bimöçber aladalary we bu ugurda durmuşa geçirilýän giň göwrümli işleri barada söz açyp, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri buýsanç bilen bellediler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanja garşy geçirilýän öňüni alyş çäreleriniň, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň, agyz-burun örtüklerini dogry ulanmagyň, köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamagyň, sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sport bilen meşgullanmagyň, zähmeti we kadaly dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmagyň ynsan bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukybynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýändigini aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda halkymyzyň saglygy we bagtyýar durmuşy ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Şamyrat ATDOWOW, Bäherden etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.