ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

30.09.2021

Bilşimiz ýaly, milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek aýynyň ilkinji gününde talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada okuw sapagyny geçirdi. Duşuşykda döwlet Baştutanymyz: «Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi. Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik» diýip bellemek bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda gazanylan üstünlikler, şol sanda barha kämilleşýän kanunçylyk ulgamy dogrusynda durup geçdi.

Garaşsyzlygyň gazanylmagy bilen, Türkmenistanyň milli kanunçylygy özbaşdak ösüş ýoluna düşdi. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Kanunda: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip kesgitlendi.

Biziň mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýene bir aýratynlygy, onuň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen bitewüligidir. Özbaşdaklyk, Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk esasy syýasy-hukuk gymmatlyklar hökmünde Türkmenistanyň raýatlarynyň azatlygyna, erkinligine, döredijiligine hem-de bagtyýarlygyna giň ýol açan taryhy wakalardyr. 1995-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanun Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň milli hukuk esaslaryny düzýär. Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan dünýäde bolup geçýän ähli syýasy, ykdysady, medeni çärelere işjeň gatnaşýar.

Garaşsyzlygyň halkymyzy eýe eden bahasyz gymmatlyklaryna göz ýetirmek üçin töweregiňde bolup geçýän wakalara ser salmak ýeterlik. Arzyly baýramyň golaýlamagy bilen, il-günüň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm işler has giň ýaýrawa eýe boldy. Muňa awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly, Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti ýaly çäreleriň birbada altysynyň geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Baş baýramyň her ýyl döwlet derejesinde uludan bellenilmegi hem halkymyzyň döwletliliginiň nyşanydyr. Çünki türkmen üçin öz Garaşsyzlygyny baýram etmekden, oňa guwanmakdan uly bagt ýokdur. Toý-baýrama mynasyp sowgatly barmak bolsa asylly däbimizde bar. Şundan ugur alyp, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, prokuratura edaralarynyň işgärleri hem halal zähmetleri, öz öňlerinde durýan wezipe-borçlaryny üstünlikli berjaý etmekdäki hyzmatlary bilen baş baýramymyzy garşylaýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Esasy Kanunymyzda orun alan Garaşsyzlygymyzyň batly gadamlary alyslary nazarlaýar. Onuň şanly toýuny baýram etmek bolsa halkymyzyň özbaşdaklyk, agzybirlik, jebislik ýaly milli gymmatlarymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Goý, Garaşsyzlygymyza ähmiýet berip, onuň datly miwelerini sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Garaşsyzlyk baýramy gutly bolsun!

 

 Merdan BEGLIÝEW,

 Ak bugdaý etrap prokurorynyň kömekçisi,

 3-nji derejeli ýurist.

Çeşme: Adalat gazeti 24.09.2021 ý.