DÖWRE BUŸSANÇ-ZÄHMETE HUJUW

05.10.2021

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynda harby gullukçylarynyň we işgärleriniň ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsuzlygyny, kanunçylygy üpjün etmekde alyp barýan jogapkärli işlerinde bitirýän hyzmatlaryna mynasyp baha berlip, döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şeýle şanly günde maňa-da «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medala eýe bolmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagy meni mundan beýläk-de gijämi gündiz edip, ak ýürekden gulluk etmäge ruhlandyrdy.

Ýurdumyzyň halkara abraýyny arşa götermek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy we enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriniň ýaşaýyş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Maksat ANNABERDIÝEW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist