08.10.2021
Ähli ugurlardan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdy — ata Watanymyz Türkmenistanda ynsan mertebesine goýulýan sarpa döwletimiziň baş şygary, esasy ýol-ýörelgesi. Diňe sagdyn jemgyýet bilen ösüşleriň, özgerişleriň mekany bolan sarsmaz, synmaz we kuwwatly döwleti berkarar edip bolýar. Islendik döwletiň ösüşi jemgyýetiň aň-düşünjesi, ruhy we ahlak sagdynlygy, kämil sowatlylygy, bilimliligi bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmak ugrundaky tagallalar her bir döwlet üçin hökmany zerurlykdyr.
Milli Liderimiziň atalyk aladasy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha gowulanýar. Önümçilik bilen bir hatarda, durmuşyň ähli ugurlarynyň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, bilim, terbiýe meselesinde halkyň milli ruhundan ugur alynmagy ýaş nesliň dünýägaraýşyna, akyl derejesine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Milli Liderimiz ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, kämil derejede sowatly bolmagyny esasy talap hökmünde kesgitledi. Bu talabyň düýp özeni bolsa sagdyn durmuş kadasyny adaty ýagdaýa öwürmek bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň we sportuň rowaçlanmagy bilen alamatlandy. Arakhorluk, neşekeşlik hemmeler tarapyndan näletlenilýän närsä öwrüldi. Adamlar onuň jemgyýete, maşgala we ynsan saglygyna nähili uly zyýan ýetirýändigine aýdyň göz ýetirýärler.
Jenaýatlaryň her hili ýüze çykmagynyň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna halal zähmet çekmegi wagyz etmek hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Şundan ugur alyp, bilim ojaklarynda, zähmet toparlarynda ýygy-ýygydan wagyz-nesihat işlerini, esasan, oňa ýaş nesli gönükdirmek bilen, bu işiň has täsirli bolmagyny gazanýarys. Ýagny geçirýän wagyz-nesihat işlerimizde din wekilleriniň, lukmanlaryň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşyp, çykyş etmeklerini guraýarys.
Biziň ýaşlarymyz indi özleriniň boş wagtlaryny bedenterbiýä we sporta, kitap okamaga sarp edýärler. Munuň üçin bolsa Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda örän ajaýyp mümkinçilikler bar.
Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş kadalaryny adaty ýagdaýa öwürmek, bedenterbiýäni we sporty ýurdumyzda rowaçlyga ýetirmek baradaky syýasaty halkymyz tarapyndan tüýs ýürekden oňlanylýar, milli Liderimiziň adyna alkyş sözleri aýdylýar.
Bilbil SAPAROWA, welaýat prokurorynyň uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.