20.10.2021
Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny berkitmäge, her bir raýatyň sagdyn, eşretli durmuşda uzak ýaşamagyny we zähmete ukyply bolmagyny üpjün etmäge, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilen syýasaty halk köpçüliginiň giň goldawyny tapdy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan, hakykatdan hem, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesine öwrüldi.
Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» pähiminden ugur alynýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu meseläni çözmekde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine giň orun berilýär. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgeleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä we kada öwrülmelidir. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bu ulgamyň işiniň hukuk esaslary goýuldy. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilendir. Kanunyň 1-nji maddasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine gönükdirilen adam durmuşynyň keşbidigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryna irki çagalyk döwründen sagdyn endikleri we ukyplary terbiýelemegiň, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermegiň, sagdyn iýmitlenmegiň, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasynyň degişlidigi hem görkezilýär.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak her bir raýatyň özüniň we beýleki adamlaryň saglygynyň aladasyny etmegini gazanmak, neşekeşligi, çilimkeşligi we beýleki zyýanly endikleri ýok etmek ýaly wezipeleri öz içine alýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy saglygy berkitmegiň hem-de sagdyn durmuşda uzak ýaşamagy üpjün etmegiň, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň, neşekeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşmegiň iň ygtybarly ýoly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmek, neşekeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, milli sportumyzy dünýäde ýokary derejä götermegiň ygtybarly esaslaryny goýmak we hukuk, guramaçylyk, ykdysady-maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn şertlerini üpjün etmek, sportuň halkara talaplaryna laýyk gelýän ulgamyny döretmek we ösdürmek barada alada edýär. Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary özüniň öňyn netijelerini hem berýär. Netijeli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy bilen zyýanly endiklere baş goşýan ýaşlary sany azalmak bilen.
«Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir. Onda: «Keselleriň öňüni almak we temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmek, temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly netijeleri, adamlaryň kesellemegi we ölümi barada maglumatlary ýaýratmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy arkaly Türkmenistanyň şu günki we geljekki nesilleriniň ömrüni we saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak, şol sanda durmuş, ykdysady we ekologik netijelerden goramak bolup durýandygy», kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady beýan edilýär.
Biz etrabymyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirýän çärelerimizde hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirýän işleri barada gürrüň ede=nimizde, bu ugurda öňde goýlan maksatlaryň hukuk binýadynyň goýlandygyna hem adamlaryň ünsüni çekýäris. Netijede ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmegiň maddy enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýändigini nygtaýarys.
Atabek Golbaýew, Hojambaz etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.