27.10.2021
Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyz milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny öňküden-de berkitmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, kuwwatly we köpugurly milli ykdysadyýeti döretmek ugrunda öňde goýlan wezipeler amal edilýär. Halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan uzak möhletleýin maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler depginli dowam etdirilýär. Täze obalardyr şäherler, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat kärhanalary, mekdeplerdir çagalar baglary, ýaşaýyş toplumlary we ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köp sanly medeni-durmuş maksatly desgalar giň gerim bilen gurulýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalar tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar. Medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda,gurluşyk, senagat, oba hojalygy, nebitgaz pudaklarynda ýokary ösüşler gazanylýar. Hemmetaraplaýyn ösen döwleti gurmaga gönükdirilen döwlet syýasatymyz, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmeler Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýar, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrýar. Bu işler bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we abadançylygyň mekany hökmünde eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasaty durmuş-ykdysady ösüşe we döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen içeri syýasatymyzyň dowamydyr. Sebäbi ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny hemmetaraplaýyn berkitmek döwletiň baş maksatlarynyň biridir. Munuň özi merdana halkymyz bilen el-ele berip, Gahryman Arkadagymyzyň töweregine jebisleşip, döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyza gulluk edip, ähli maksatlarymyzy we arzuwlarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açýar.
Serdar KAKYŞOW,Boldumsaz etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.