OBA HOJALYGY WE INNOWASIÝALAR

29.10.2021

Güneşli Diýarymyzyň bol hasylly topragy ýere bagry badaşan zähmetkeş halkymyza özüniň datly miweleri bilen jogap berýär. «Ene ýere nähili esewan etseň, şonuň ýaly hem miwe eçiler» diýlen jümlä berk eýeren ata-babalarymyz daýhançylyk etmegi, maldarçylyk bilen meşgullanmagy esasy kär hökmünde görüp, onuň usullaryny, inçe tärlerini arkama-arka öwredip, nakyllar, aýtgylar we öwüt-ündewler bilen şu günlerimize ýetiripdirler. Ýurdumyz geoykdysady taýdan amatly guşakda ýerleşmek bilen, aglaba miweleriň datly tagam bermegi üçin Gün şöhlesiniň kadaly böleginiň düşýän ýeridir. Alymlaryň bellemegine görä, biziň topragymyzda ýetişýän gawunyň, garpyzyň, üzümiň, naryň, şetdalynyň we şuňa meňzeş birnäçe miweli agaçlaryň başga ýurtlardakydan datly tagam bilen ýetişýändigi anyklanylandyr.

Topraga örküni baglap, ondan bereket tapmagyň iň ýokary rysgaldygyna berk ynanýan halkymyzyň oba hojalyk bilen meşgullanýanlarynyň sany gün-günden artýar. Oba we şäherýaka ýerlerinde her bir hojalyk bölünip berlen mellek ýerlerini apalap, idegini ýetirip, gül-gülzarlyga besleýär. Oba adamlary mellegiň içinde zähmet çekmegi öz kärinden daşary endige, galyberse-de, her günki fiziki maşka öwürýärler. Şonuň üçin hem bazarlarymyzy öz topragymyzda önýän gök-bakja we beýleki miweleriň dürli görnüşleri bezeýär. Eksport edilýän önümleriň görnüşi-de ýylsaýyn artýar. Bu bolsa türkmen daýhanlarynyň alyp barýan işlerini telekeçilik bilen utgaşdyryp, daýhan hojalyklaryny, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalary gurmaga, döretmäge uly mümkinçilikdir.  Hut şol maksat bilen hem ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny iň bir girdejili, ýokary depginde ösýän pudaga öwürmek maksady bilen onuň kanunçylyk binýady döredildi. «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edilip, oba hojalyk pudagyny ylmy, innowasion taýdan ösdürmek babatda birnäçe işler alnyp barylýar. «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasynda: «Oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça döwlet durmuş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar» diýlip kesgitlenen. Diýmek, oba hojalyk pudagynyň esasy maksady azyk bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda daýhanlar üçin döredilip berilýän mümkinçilikler sanardan kändir. Ýagny, daýhan hojalygyny döretmäge, ýerleri uzak möhletleýin kärendesine almaga, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga we oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen işler bilen meşgullanmak üçin banklarymyz tarapyndan hödürlenilýän ýeňillikli karzlardan peýdalanmaga bolan hukuklar telekeçi daýhanlary höweslendirmäge gönükdirilen çärelerdir. Bulardan başga-da, daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda gallanyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ýetişdirilip, azyk bolçulygy artygy bilen üpjün edilýär.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda», «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» we «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararlary oba hojalyk pudagynyň önümçilik gatnaşyklarynyň has-da kämilleşdirilmegine, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine itergi berýär. Daýhanlarymyz üçin döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler geljekde ýurdumyzyň senagat taýdan ösen, dünýä bazarynda azyk önümlerini eksport edýän ýurtlaryň sanawynda boljakdygyny kesgitleýär.

Daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.  

 

Göwher HYDYROWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik müdirliginiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.