DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HUJUW

04.11.2021

— Türkmen halky taryhy dostlugyň bahasyny hemişe belentde goýýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 24-25-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bilelikdäki Beýannamasy dostlukly gatnaşyklaryň şöhlelenmesi boldy.

Döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti  Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew  Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglandy.

Gözel ÝAZJUMAÝEWA, Lebap welaýatynyň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist: