13.11.2021
(Stambul, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabry)
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Ilki bilen, ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy we oňa Türkmenistany çagyrandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Şu duşuşygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bar. Sebäbi şu gün biziň ýurdumyzyň Türki geňeşe synçy hökmünde girmegi barada çözgüt kabul edilýär. Bu bolsa, ulaldyp aýtmanyňda, Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan örän möhüm taryhy wakadyr. Mümkinçilikden peýdalanyp, men Türkmenistanyň bu gurama şeýle derejede gatnaşmagy baradaky öz garaýyşlarymy aýtmak hem-de biziň bilelikdäki işimiziň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmek isleýärin.
Türkmenistan halkara bileleşige jogapkärli gatnaşyjy bolmak bilen, dünýäniň köp ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy biziň daşary syýasatymyzyň esasy bolup durýar. Bu dereje Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky degişli Rezolýusiýasy hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky täzeden goldanan Rezolýusiýasy bilen biragyzdan ykrar edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminamany kabul etdi. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Mümkinçilikden peýdalanyp, men Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli goldaýandyklary üçin Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Ilki bilen, Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işine hemişe uly hormat goýmak we gyzyklanma bilen garandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, geňeşiň işini gowulandyrmak maksady bilen, men şulary teklip edýärin:
1. Ýer ýüzünde çylşyrymly ýagdaýlar, düýpli özgermeler bolup geçýän häzirki döwürde doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge agzybirlikde çemeleşmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi munuň özi aýdyň we jogapkärli garaýyşlary işläp taýýarlamagy talap edýär.
Türki dilli ýurtlaryň öz at-abraýyna we möhüm syýasy-diplomatik ýagdaýyna daýanýan ylalaşylan, işjeň garaýşy halkara hem-de sebit işlerinde, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýada, Hazar we Gara deňzi sebitlerinde, Günorta Kawkazda, Orta we Ýakyn Gündogarda durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de gorap saklamakda wajyp orny eýelemäge ukyplydyr.
Häzirki şertlerde-de biziň ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyna ynanýaryn. Şeýle hyzmatdaşlygy doly anyklaşdyrmak, bilelikde diplomatik we beýleki ileri tutulýan ugurlarymyzy görkezmek has netijeli bolar diýip hasap edýärin.
Sebit gapma-garşylyklarynyň güýçlenmegi sebäpli, olaryň aradan aýrylmagy we öňüniň alynmagy üçin biziň ylalaşylan garaýyşlarymyz aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, dawalaryň güýçlenmeginiň öňüni almakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, diplomatik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.
Şunda biz Türkmenistanyň Bitaraplygyna, ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça toplan tejribesine möhüm şert hökmünde garaýarys. Biz ýurtlarymyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi berkitmek boýunça halkara gün tertibini amala aşyranda şu şertden peýdalanmagy teklip edýäris.
Şunuň bilen baglylykda, türki dilli döwletleriň birleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň işine has işjeň we netijeli gatnaşmak syýasatyny işläp düzmäge girişmegini maksadalaýyk hasaplaýarys. Birleşen Milletler Guramasy bilen biziň birleşigimiziň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýörite halkara resminamada berkidilse, bu ugurda ädilen yzygiderli ädim bolardy. Şu teklip bilen doly ylalaşylan halatynda, ýakyn wagtda Baş Assambleýada deslapky diplomatik işe başlap, soňra bolsa degişli Rezolýusiýanyň umumy taslamasy bilen çykyş edip bolardy. Sebäbi türki dilli döwletleriň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça netijeli hem-de umumy garaýşy halkara bileleşikde düşünmek bilen kabul ediler we goldawa eýe bolar, umumy bähbitler üçin tagallalary birleşdirmegiň täsirli guralyna öwrüler diýip pikir edýärin.
Şeýle hem men türki dilli döwletleriň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga üns bermek isleýärin. Çünki bu iki guramanyň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ekologiýa we ylym-bilim ýaly ugurlarda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýaryn.
Şoňa görä-de, men uly mümkinçiligi bolan ýurtlarymyzyň ony diňe öz ösüşi üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň, halkara işleriň durnukly we döredijilikli bolmagynyň bähbidine-de mynasyp hem-de netijeli ulanmaga ukyplydygyna ynanýaryn.
2. Bu ynam köpasyrlyk tejribä, biziň ganybir kowumdaşlygymyza, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyzyň we daýançlarymyzyň mäkämdigine hem-de synmazdygyna esaslanýar. Türki dünýäsi uzak taryhyň dowamynda örän kuwwatly medeniýetiň, siwilizasiýanyň dörän we ösen özboluşly mekany bolup durýar. Bu bolsa dünýä taryhynyň, medeniýetiniň hem-de siwilizasiýasynyň barşyna we ösüşine ägirt uly täsirini ýetirdi.
Türki halklaryň görnükli wekilleri bolan Magtymguly Pyragynyň, Ýunus Emräniň, Muhammet Fizulynyň, Abaýyňdyr Ýusup Balasagunlynyň, Muhammet Ulugbegiň atlarydyr eden işleri häzirki döwürde bizi täze belentliklere ruhlandyrýar. Häzirki düýpli wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwrümizde biz doganlyk halklarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ynsanperwer garaýyşlary, hoşniýetli goňşuçylygy we agzybirligi wesýet edip giden beýik döwlet işgärleriniňdir akyldarlaryň taryhy mirasyna daýanýarys. Bu mirasa eýermek biziň döwletlerimiz üçin hemmetaraplaýyn ösüşiň örän giň mümkinçiliklerini açýar.
3. Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de belli bir maksada gönükdirip pugtalandyrmaga hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar. Bu ugurda mümkinçiliklerimiz örän uly diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Sebäbi biziň döwletlerimiziň kuwwatyny birleşdirmek, serişde, geografik, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerimizi peýdalanmak, diňe bir milli ykdysadyýetlerimizi ösdürmäge güýçli ýardam bermän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady düzüme hem düýbünden başga mazmun we häsiýet berer diýip pikir edýärin.
Gürrüň, ozaly bilen, energetika we ulag ulgamlary ýaly strategik ugurlar barada barýar. Çünki türki dilli döwletler Aziýany hem-de Ýewropany berk we durnukly ulagdyr energetika ulgamlary arkaly birleşdirjek Ýewraziýa giňişliginde tebigy halkany emele getirýär. Şeýle ulgamlary döretmekde biziň ýurtlarymyz möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Bu Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça iri Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna energiýa serişdelerini, harytlary ibermegiňdir hyzmatlary etmegiň gysga, ygtybarly, howpsuz ýoly bolup durýar.
Şu ýerde Hazar sebitinden Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa energiýa ulgamlaryny, Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän üstaşyr logistik geçelgeleri gurmagyň taslamalary göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen baglylykda, biz hyzmatdaşlygyň şu ugruny güýçlendirmek, türki dilli döwletleriň oýlanyşykly bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek, şonuň esasynda ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmak zerur diýip hasap edýäris.
Bu ugurda biziň ýöriteleşdirilen halkara düzümler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýalary bilen bilelikdäki işimizi güýçlendirmek maksadalaýyk bolup durýar. Şeýle hem Yslam ösüş banky we Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe edaralaryny çekmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy möhüm hasap edýärin. Munuň üçin bize degişli hukuk we guramaçylyk şertlerini, halkara giňişlikde tagallalarymyza düşünmäge hem-de olary goldamaga gönükdirilen amatly syýasy, diplomatik, maglumat şertlerini döretmegiň üstünde oýlanyşykly işlemek gerek diýip hasaplaýaryn.
4. Türki dünýäniň ýurtlary häzir ählumumy ösüşiň belentliginde bolup, täze garaýyşlary, onuň amala aşyrylyşy hem-de geljegi baradaky düşünjeleri öňe sürmelidirler. Ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, tehnologiýalarda we innowasion çözgütlerde öňdebaryjy döwletleriň hatarynda bolmalydyrlar.
Bu ekologiýa meselesine hem doly derejede degişlidir. Türkmenistan häzirki düýpli ekologik howplara garşy halkara tagallalary birleşdirmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, «ýaşyl» gün tertibi bilen bagly ençeme anyk we zerur ädimleri ätmegi teklip edýär.
Biz az uglerodly önümçilikleri ösdürmek çärelerini amala aşyrmaga gönükdirilen Ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmek zerur diýip hasaplaýarys. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika pudagynda ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde wodorody ösdürmegiň halkara «Ýol kartasyny» döretmegiň möhümdigini nygtaýarys. Bu başlangyçlary amala aşyrmakda türki dünýäniň raýdaşlygynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynanýarys.
5. Biziň pikirimizçe, türki dilli döwletleriň birleşiginiň halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny we geografiýasyny giňeltmegini onuň guramaçylyk düzümini berkitmek hem-de kämilleşdirmek zerurlygy talap edýär. Men biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen meşgullanjak ýörite komitetleri döretmek barada hem pikirlenip bolar diýip hasaplaýaryn. Şeýle-de biz Türki geňeşiň Baş sekretarynyň möhüm ornuny ykrar edip, onuň geografik ýagdaý boýunça orunbasarlarynyň wezipelerini girizmek barada oýlanmagy teklip edýäris. Olar bu ýokary derejesini peýdalanyp, Aziýa we Ýewropa yklymlaryndaky dürli döwletleriň gatnaşyklary bilen jikme-jik meşgullanarlar.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Ýokary derejedäki şu duşuşyk Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Biz bu gün ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde girmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine buýsanýarys. Şu gün biz doganlyk halklaryň ilerlemegiň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegi üçin tagallalarymyzy hem-de hyjuwymyzy birleşdirip, bilelikde has-da kuwwatly bolduk.
Biziň bu hyzmatdaşlygymyzyň esasynda hoşniýetli erk-islegimiz, maksatlarymyzyň umumylygyna düşünmek, şöhratly taryhy mirasymyza daýanmak, kuwwatly bitewi köklerimiz durýar. Şu köklerden bolsa Ýer ýüzüniň adamlarynyň millionlarçasy saýalaýan türki dünýäniň beýik daragty ösüp ýetişdi.
Men ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilişine we netijelerine ýokary baha berýärin. Ol doly özara düşünişmek, ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçýär.
Şu duşuşyga gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna netijeli goldawy we meýilleri, olaryň her biriniň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz taýýardygy hem-de berýän uly şahsy ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Guramanyň işini başarnykly utgaşdyrýandygy we şu duşuşygy üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin jenap Baş sekretar Bagdad Amreýewe hem minnetdarlygymy bildirýärin.