15.11.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlary boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşuldy. Nesil aladasy, onuň bilimi we terbiýesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki ýaş nesil Watanymyzyň geljegi, daýanjy hasaplanylýar. Olaryň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri bolsa esasy şertdir.
Halkymyzda irki döwürde-de çaga terbiýesi esasy orunda durupdyr. Çaga terbiýesine ene göwresindekä başlamaly diýlen ýörelgeden ugur alnypdyr. Çaga doglandan soň, ol maşgalanyň terbiýesi, okuw ýaşyna ýetensoň, mekdebiň terbiýesi bilen gurşalýar. Netijede, ýaş ynsanyň edep-ekramly şahsyýet bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, soňra tutuş jemgyýetiň jogapkärçiligi ýüze çykýar. Çaganyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetderejesine ýetmegi maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetiň bilelikdäki tagallasynyň netijesine baglydyr.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde bellenilişi ýaly, ata-enäniň öz çagasyny terbiýelemäge, onuň ýaşyny we jynsyny nazara almak bilen, oňa hossarlyk etmäge, saglygy, beden, psihiki, ruhy we ahlak taýdan ösüşi barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, ony kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara sarpa goýmaklyga uýgunlaşdyrmaga hukugy bardyr we borçludyr.
Çaganyň her bir hereketi ata-enäniň gözegçiliginde bolup, onuň öýdäki wagtyny gün tertibi esasynda ýola goýmak oňat netije berýär. Terbiýe yzygiderli dowam etdirilmeli ýagdaý bolup, maşgala we mekdep bu ugurda hyzmatdaşlygy bir pursat hem gowşatmaly däldir. Mugallym çaganyň ata-enesi bilen yzygiderli habarlaşyp, onuň okaýşy, özüni alyp barşy barada olary habarly etmelidir. Aýratyn hem ýetginjek ýaşly mekdep okuwçylary maşgalanyň we mekdebiň berk gözegçiliginde bolmaly. Ösüp barýan ýetginjegiň we çaganyň häsiýetleriniň, özlerini alyp baryşlarynyň üýtgemegi daş-töwerekdäkileriň özleri babatda garaýyşlaryna baglydyr. Olara ynam etmek, ýumuş tabşyrmak, eden işlerini bahalandyrmak ene-atanyň, mugallymlaryň borjudyr. Çaganyň üstünligi aýdylyp, köpçülige ýetirilip durulmaly. Jemgyýetçilik guramalarynyň ýetginjekleriň başarjaňlygyny, ukybyny ýüze çykarmak üçin medeni-köpçülik çärelerini, bäsleşiklerigeçirip durmagy, olaryň başarnyklaryny, höwesini dogry ýola gönükdirmäge ýardam edýär. Bu çäreleriň ýaşlaryň wagtyny bisarpa geçirmezliginde, olaryň hemişe gözlegde bolmagyny gazanmakda hem ähmiýeti uludyr.
Ýaş nesliň terbiýeli, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmegi barada tutuş jemgyýetiň alada etmegi, bu ugurda üstünlikli netije gazanmagyň esasy özenidir. Bilimli, edep-ekramly, ýokary ahlakly ýaşlar döwletiň geljegidir, güýç-kuwwatydyr.
Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda, ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde bimöçber tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Batyr AŞYRKULYÝEW, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.