DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

04.01.2022

— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi, etrap polisiýa bölümi, etrap prokuraturasy bilen bilelikde guramagynda Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanja garşy geçirilýän öňüni alyş çäreleri barada söz açylyp, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň, sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti bellenildi.

Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ynsan saglygy we olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Şamyrat ATDOWOW, Bäherden etrabynyň prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist

Çeşme: Adalat gazeti 31.12.2021ý