07.01.2022
Jemgyýetiň we döwletiň hemmetaraplaýyn kämil ösüşinde esasy wezipe onuň kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämil bolmagydyr. Kanunlaryň kämil bolmagyny gazanmak üçin olarda raýatlaryň erk-islegi beýan edilip, halkyň aňyýetini, medeniýetini we däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli ýörelgeler göz öňünde tutulýar. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygydyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar döwletimiziň gurluşynda esasy ýörelgedir.
Döwletimiziň Esasy Kanunynyň girişiniň «Biz, Türkmenistanyň halky...» diýen sözler bilen başlanmagy Konstitusiýanyň halkyň adyndan kabul edilýänligindedir. Sebäbi, tutuş döwlet, onuň ýerleşýän çägi, ýerasty we ýerüsti baýlyklary, gozgalýan we gozgalmaýan emläkleri, medeni-taryhy ýadygärlikleri, hazynalary, pul serişdeleri we gymmatly kagyzlary bütin halkyň eýeçiligine degişli bolup durýar. Döwletiň döremeginiň özi hem halkyň erk-ygtyýary bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem döwlet islendik syýasy hereketi amala aşyranda, islendik kadalaşdyryjy we kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryny kabul edende halkyň adyndan çykyş edýär we onuň ähli işi diňe halkyň bähbidine gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynda kanunylyk, deňlik, adalatlylyk, şahsyýetiň eldegrilmesizligi we ynsanperwerlik ýaly ýörelgeler, ilkinji nobatda, her bir adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň bardygyny ykrar etmekden, şol hukuklary kanun esasynda berkidip, olary goramakdan, erkin amala aşyrylmagyny hem-de olaryň özara sazlaşygyny we deňagramlylygyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Tebigy hukuklar diýlip adamyň dünýä inmegi bilen bilelikde döreýän hem-de onuň hukuk ukybyny emele getirýän ýaşaýşa, saglyga, azatlyga, öz ykbalyny özi erkin kesgitlemäge, wyždan we pikir azatlygyna, bilime, zähmete bolan, sowgat berip, miras goýup ýa-da başga hili usullar bilen kimdir birine geçirip bolmaýan mizemez hukuklaryna düşünilýär.
Şahsyýetiň azatlygy döwletiň we jemgyýetiň döredýän şertlerinde adamyň öz durmuşyny guramagyň, işlemegiň, özüni alyp barmagyň görnüşini erkin saýlap almaga bolan mümkinçiligini aňladýan konstitusion-hukuk we filosofiýa düşünjesidir. Ýurdumyzda şahsyýetiň azatlygy türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň tutuş ynsanperwer gurluşy bilen üpjün edilýär hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary bilen kepillendirilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar bilen öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärdir» diýen hukuk kadasy raýatlaryň konstitusion borjuny kesgitleýär. Konstitusiýa jemgyýetiň, döwletiň we adamyň arasynda baglaşylýan jemgyýetçilik şertnamasy hökmünde garalanda, Esasy Kanunyň, ýagny şol şertnamanyň iň möhüm bölekleriniň biridir. Döwlet raýaty hemmetaraplaýyn goraýar, onuň erkin hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Raýat bolsa döwletiň öz wezipelerini degişli derejede ýerine ýetirmegi üçin onuň ähli hukuga laýyk talaplaryny berjaý etmäge borçly bolup durýar. Raýatyň konstitusion borçlarynyň iň esasylary bolsa Konstitusiýanyň we kanunlaryň talaplaryny berjaý etmekden, döwleti goramak borjuny ýerine ýetirmekden, kanunlarda bellenilen tertiplerde salgytlary hem-de beýleki ýygymlary tölemekden, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamakdan, daşky gurşawy hem-de tebigaty goramakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasy, milli maksatnamalar esasynda kabul edilýän hukuk namalarynyň hemmeler tarapyndan doly we dogry berjaý edilmegine gözegçilik işini amala aşyrmak prokuratura edaralarynyň üstüne düşýär. Biz hem prokuratura edaralarynyň işgärleri bolup, kanun esasynda kesgitlenen borçlarymyzy talabalaýyk ýerine ýetirip, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza hyzmat ederis. Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Täze ýylyňyz gutly-mübärek bolsun!
Ogulhesel BERDIÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň umumy bölüminiň iş ýörediş bölümçesiniň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.