TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGY BOÝUNÇA MAŞGALA GORAGLYLYGYNYŇ KEPILLIKLERI

28.02.2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ahlak taýdan ösdürmäge ýardam edýän milli maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça çäreleri geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Maşgala jemgyýetçilik durmuşy babatda çözülýän meseleleriň – ykdysadyýeti kämilleşdirmek, medeniýeti ösdürmek, durmuşy gowulandyrmak ýaly wezipeleriň tutuş toplumy bilen berk baglydyr. Bu arabaglanyşyk ikitaraplaýyn häsiýete eýedir: bir tarapdan, jemgyýetçilik durmuşy maşgala babatda kesgitleýji bolsa, beýleki tarapdan maşgala-durmuş gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi, maşgala gatnaşyklarynda ahlaklylyk ýörelgeleriniň berkidilmegi jemgyýeti ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Maşgala jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Maşgalada ruhy gymmatlyklar kemala gelýär. Ösüp gelýän nesil ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Şonuň üçin türkmen halky maşgalany medeniýetiň we terbiýäniň ojagy hasaplaýar. Häzirki wagtda är-aýalyň özüňi alyp barmak medeniýeti, ahlak keşbi, giň gözýetim, bähbitleriň çuňlugy ýaly häsiýetleri uly orun eýeleýär. Çünki ene-atanyň şahsy göreldesi terbiýeçilik işiniň möhüm şerti bolup durýar.

Maşgala—jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň dürli görnüşleri bilen bagly bolan çylşyrymly durmuş düzümi. Maşgalada gatnaşyklaryň dürli görnüşleri emele gel- ýär. Her bir maşgala maddy we ruhy taý- dan üpjün, özbaşdak hem-de ýurduň mynasyp raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde jogapkär bolmaly. Maşgala berk boldugyça, jemgyýet şonça-da ähli tarapdan baý bolýar.

Nika-maşgala gatnaşyklarynyň netijeli kadalaşdyrylmagyny üpjün edýän hukuk düzgün-kadalarynyň oňaýly işlenip taýýarlanylan ulgamy maşgalanyň sag- dyn bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda maşgala gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen düzgün-kadalar öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunyň 40-njy maddasynda: “Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşy- na ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär” diýlip bellenilýär.

Nika-maşgala gatnaşyklary Türkmenistanyň Maşgala kodeksi bilen düzgünleşdirilýär. Ol 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda kabul edildi. Maşgala kodeksi maşgala agzalarynyň arasynda şahsy we emläk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şeýle hem ol nika baglaşmagyň şertlerini we tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasynda şu kesgitlemeler beýan edilen: maşgala-adamlaryň  nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (mundan beýläk-perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly topar; är-aýal - öz aralarynda nikada durýan adamlar (äri we aýaly); çaga - on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam; ata-ene - çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda onuň ata-enesi hökmünde bellige alnan adamlar (kakasy we ejesi);

Maşgala hukuk gatnaşyklary maşgala hukugynyň degişli subýektleriniň arasynda emele gelýär hem-de Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. Maşgala gatnaşyklaryny iki görnüşe bölmek bolýar. Birinjisi, şahsy hukuk gatnaşyklary bolup, olara nikanyň baglaşylmagy, bes edilmegi ýa-da bozulmagy, atalyk ýa-da enelik, ogullyga almak, hossarlyk we howandarlyk etmek bilen ýüze çykýan maşgala hukuk gatnaşyklary degişlidir. Şahsy hukuk gatnaşyklarynyň esasynda maşgala hukuk gatnaşyklarynyň ikinji görnüşi - emläk hukuk gatnaşyklary bolup, olar emläk babatda maşgala hukugynyň subýektleriniň arasynda döreýär. Olara är-aýalyň arasyndaky emläk gatnaşyklary, ene-atanyň we çagalaryň umumy ýa-da aýratyn eýeçiligi, aliment borjy, aliment tölemekden boşatmak degişlidir.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 7-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanda diňe RÝNÝ (raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edaralary) edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär. Maşgala kodeksiniň 15-nji maddasynda nika ýaşy on sekiz ýaş diýlip kesgitlenen. Aýratyn halatlarda esasly sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilner. Şu ýagdaýda, şeýle adam nika baglaşylan gününden başlap doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar. Şunda onuň kämillik ukyby nika bozulan halatynda hem doly möçberde saklanyp galýar.

Türkmenistanyň maşgala kanunçylygyna laýyklykda, nikanyň baglaşylmagy nika baglaşmak isleýän adamlaryň gatnaşmagynda, olaryň RÝNÝ edaralaryna arza beren gününden bir aý geçenden soň geçirilýär. Esasly sebäpler bolan mahalynda nika baglaşylmagynyň bellige alynýan ýerindäki RÝNÝ edaralary bir aý geçmezden öň nika baglaşylmagyna rugsat berip, şeýle hem bu möhleti uzaldyp bilerler, ýöne ol iki aýdan köp bolmaly däldir. Aýratyn ýagdaýlar (göwrelilik, çaganyň dogulmagy, taraplaryň biriniň ömrüne gös-göni howp abanmagy we beýleki aýratyn ýagdaýlar) bolan mahalynda nika arza berlen gününde baglaşylyp bilner. Nika dabaraly ýagdaýda baglaşylýar. Emma ony baglaşmak üçin bäş şertiň berjaý edilmegi zerurdyr. Birinjiden, nika baglaşmak isleýän adamlaryň özara razylygy gerek. Ikinjiden, nika baglaşýan adamlar nika ýaşyna ýeten bolmaly. Üçünjiden, olar psihiki bozulmagyň (ruhy keseliň ýa-da kemakyllygyň) netijesinde kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlar bolmaly däl. Dördünji şert, arza berlen pursatda nika baglaşýanlaryň haýsy hem bolsa biri başga bellige alnan. Bäşinjiden, göni ata-babalaryna barýan ýa-da ata-babalaryndan gaýdýan ugurlar boýunça garyndaşlaryň, süýtdeş ýa-da doly süýtdeş däl doganlaryň, şeýle hem perzentlige alanlar bilen perzentlige alnanlaryň arasynda nika baglaşmaga ýol berilmeýär; Nika baglaşmagyň şertleri bozulan ýagdaýynda, ol kazyýetiň çözgüdiniň esasynda hakyky däl diýlip ykrar edilýär, är-aýalyň şol nikadan gelip çykan ähli hukuklary we borçlary bes edilýär.

Är-aýalyň hukuklary we borçlary nika baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan ýüze çykýar. Olaryň arasynda şahsy hukuk gatnaşyklary emele gelýär, är-aýal nika baglaşanlarynda öz islegine görä umumy familiýa hökmünde olardan biriniň familiýasyny saýlaýarlar ýa-da är-aýalyň her biri nika baglaşylmagyndan öňki öz familiýasyny saklap galýar. Eneligiň, atalygyň. çagalary terbiýelemegiň, olaryň biliminiň meseleleri we maşgala durmuşynyň beýleki meseleleri är-aýalyň hukuklarynyň we borçlarynyň deňlik ýörelgesinden ugur alnyp är-aýal tarapyndan bilelikde çözülýär. Är-aýal maşgalada öz gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we özara kömek bermek esasynda gurmaga, maşgalanyň abadançylygyna we pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge, öz çagalarynyň maddy hal-ýagdaýy we ösüşi barada alada etmäge borçludyrlar. Är-aýalyň her biri işi, käri we ýaşaýan ýerini saýlamakda erkindirler.

Nika baglaşylandan soň şahsy emläk däl gatnaşyklaryň esasynda är-aýalyň arasynda emläk gatnaşyklary döreýär. Är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi (pul we gymmatly kagyzlary hem goşmak bilen, gozgalmaýan we gozgalýan zatlary) är-aýalyň haýsysyna satyn alnandygyna ýa-da pul serişdeleriniň är-aýalyň haýsysyna ýa-da haýsysy tarapyndan harç edilendigine garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň bilelikdäki emlägine, olaryň her biriniň girdejileri, alan pensiýalary, döwlet kömek pullary, şeýle hem ýörite niýetlenen maksady bolmadyk gaýry pul möçberleri (maddy kömek pul möçberleri, zähmete ukyplylygyny ýitirmegi bilen baglanyşykly ýa-da saglygyna başga şikes ýetirilmegi netijesinde zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna tölenen pul möçberleri we başgalar) degişlidir. Är-aýalyň bilelikdäki emläge eýelik etmäge, peýdalanmaga we erk etmäge deň hukuklary bardyr. Haçan-da olaryň biri öý hojalygyny ýöretmek, çagalara seretmek bilen meşgullanan halatynda ýa-da başga esasly sebäpler boýunça özbaşdak girdejisi bolmadyk mahalynda hem bilelikdäki emläge är-aýalyň deň hukuklary bardyr.

Nika baglaşylmazdan öň är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň öz eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň nikaly döwründe umumy serişdeleriniň hasabyna edinen şahsy peýdalanýan zatlary (geýim, aýakgap we ş.m.), olardan peýdalanan äriniň (aýalynyň) eýeçiligi diýlip ykrar edilýär, gymmat bahaly we beýleki zynat zatlar muňa degişli däldir. Är-aýalyň bilelikdäki emlägi olaryň özara ylalaşygy boýunça bölünip bilner. Är-aýalyň islegi boýunça bilelikdäki emlägini bölmek hakynda ylalaşyk kepillendiriş tertibinde tassyklanylyp bilner. Jedel bolan halatynda är-aýalyň bilelikdäki emlägini bölmek, şeýle hem är-aýalyň bu emläkdäki paýlaryny kesgitlemek, kazyýet tertibinde geçirilýär. Är-aýalyň talap etmegi boýunça bilelikdäki emläk bölünende kazyýet emlägiň är-aýalyň haýsysyna berilmäge degişlidigini kesgitleýär. Eger är-aýalyň birine bahasy oňa tölenilmäge degişli paýdan ýokary geçýän emläk berlen halatynda är-aýalyň beýlekisine degişli pul ýa-da başga öwez tölegi berlip bilner. Nikasy bozulan är-aýalyň bilelikdäki emlägini bölmek hakynda talaplaryna hak isleginiň üç ýyllyk wagt möhleti ulanylýar.

Kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin alnan zatlar (geýim, aýakgap, mekdep we sport esbaplary, saz gurallary, kitaplar, şahsy şaý-sep önümleri we ş.m.) bölünmäge degişli däldir we onuň öwezi dolunmazdan çagalary bilen ýaşaýan är-aýalyň birine berilýär. Ata-ene aýry ýaşan mahalynda çaganyň ýaşaýan ýeri ata-enesiniň ylalaşygy bilen kesgitlenilýär. Ylalaşyk bolmadyk mahalynda ata-enäniň arasyndaky jedel çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara аlmak bilen kazyýet tarapyndan çözülýär. Şunda kazyýet çaganyň ata-enesiniň her birine, doganlaryna ysnyşyklylygyny, ata-enesiniň her biriniň we çaganyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary, çaganyň terbiýesi we ösme- gi üçin zerur şertleri döretmek mümkinçiligini (käri, ata-enäniň işiniň düzgünini, ata-enäniň maddy we maşgala ýagdaýyny we başgalary) nazara alýar.

Çaganyň öz ata-enesinden (olaryň birinden) we maşgalanyň beýleki agzalaryndan Maşgala kodeksinde bellenilen tertipde we möçberlerde eklenç almaga hukugy bardyr. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp-saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar. Kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukyply çagalar zähmete ukypsyz ata-enelerini ekläp-saklamaga we olar hakda alada etmäge borçludyrlar.

Maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi ozaly bilen maşgala agzalarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, olaryň arasynda söýgi we hormat, özara kömek bermek hem-de çagalary terbiýelemek üçin maşgalada zerur bolan şertleri döretmekde bir-biriniň öňündäki jogapkärçilik duýgularynda gurlan gatnaşyklary kemala getirmäge gönükdirilendir.

Şeýlelik-de, hukuk taýdan düzgünleşdirme, şeýle hem döwletiň durmuş syýasaty maşgalany we maşgala gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.

 

Döwlet AMANMYRADOW,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasy