WATANYMYZ — BUÝSANJYMYZ

04.03.2022

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde gol çekilen il-ýurt bähbitli resminamalar, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir ynsan üçin nusga alarlyk çuňňur manyly çykyşy halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi.

Milli Liderimiz: «Biziň ählimizi bir belent maksat birleşdirýär, ol hem nirede, haýsy wezipede bolanyňda hem, ähli ukyp-başarnygyň, zehiniň, zähmetiň bilen mukaddes Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak, ýürek yhlasyň bilen halka hyzmat etmek maksadydyr. Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek! Men bütin ömrümiň manysyny eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hyzmat etmekde görýärin» diýen sözleri hemmeler üçin, ilkinji nobatda, Watan goragçylary üçin watansöýüjilik mekdebine öwrüldi.

Maslahatda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kuwwatly ýurdumyzyň, agzybir halkymyzyň uly ynam bilen beýik geljege barýandygyny tassyklaýan taryhy resminamadyr. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanyp, halkymyzyň durmuş derejesi barha gowulanar.

Watanymyzyň nurana ertirleri, halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Bars BEKDURDYÝEW, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.