10.03.2022
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmaga aýratyn uly ähmiýet berilýär.
«Gallup» halkara barlaglar merkezi tarapyndan kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda, raýatlaryň harby we hukuk goraýjy edaralaryna ynamyna, şahsy howpsuzlyk ýagdaýyna, jenaýatçylykly we terrorçylykly wehimleriň aradan aýrylmagy bilen bagly statistika esaslanýan jemgyýetçilik pikir soraşmalarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini görkezýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty adamyň ömrüni, saglygyny goramaga, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň hatarynda ýurdumyzda kanunçylygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işlerde öňüni alyş çärelerine aýratyn uly orun berilýändigi hem ähmiýet berilmäge degişlidir.
Ýurdumyzda «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi öňüni alyş işleriniň hukuk taýdan esaslandyrylan bolmagyny üpjün edýär. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak amala aşyrylanda, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň ileri tutulmagynyň, kanunylygyň, görülýän çäreleriň açyklygynyň, üznüksizliginiň, yzygiderliliginiň, öz wagtyndalygynyň, ýeterlikliginiň we ylmy taýdan esaslandyrylmagyň, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, subýektleriniň we olaryň wezipeli adamlarynyň jogapkärçiliginiň hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň esasy ýörelgeleriniň hatarynda görkezilmegi alnyp barylýan işleriň ynsanperwer häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.
Öňüni alyş çäreleriniň hukuk taýdan aň-bilim bermek we hukuk babatda habarly etmek, öňüni alyş maksatly söhbetdeşlik, hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryşyň yglan edilmegi ýaly görnüşleri bar. Şeýle-de öňüni alşyň hasabyny ýöretmek, hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipnama bermek, durmuşa uýgunlaşdyrmak, durmuş taýdan dikeltmek ýaly görnüşleriniň bolmagy ýurdumyzda hereket edýän beýleki hukuk namalar bilen birlikde, agzalýan Kanunyň kadalarynyň hem adamyň hukuklaryny goramaga gönükdirlen halkara hukuk namalara laýyk gelýändigini hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasynda bellenilen: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadalaryň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Ýurdumyzda milli Liderimiziň ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde adamyň we raýatyň hukuklarynyň dabaralanmagyna gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi adam hakyndaky aladadan nyşan. Esasy Kanunymyzyň kadalarynyň esasy bölegi adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny belleýän kadalardan ybarat. Adam hakynda şeýle tagallalar edilýän ýurdumyzda hukuklary goralýan jemgyýetiň her bir agzasy döwletiň öňünde borçlarynyň bardygyny hem unutmaly däl. Şol borçlary doly we birkemsiz berjaý etmek, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ilimizi jebisleşdirmäge, belent maksatlara sary ynam bilen öňe gitmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda: «Biziň ählimizi bir belent maksat birleşdirýär, ol hem nirede, haýsy wezipede bolanyňda hem, ähli ukyp-başarnygyň, zehiniň, zähmetiň bilen mukaddes Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak, ýürek yhlasyň bilen halka hyzmat etmek maksadydyr» diýip belledi. Goý, şu mukaddes maksatlar halkymyzyň ýoluna şamçyrag, ýagty geljegine badalga bolsun! Hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, işleri rowaç bolsun!
Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.