28.03.2022
Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyz saglyga hem-de sagdyn ýaşaýşa aýratyn üns berip, çagalaryň kiçilikden arassaçylyk kadalaryna eýermeklerini, dogry iýmitlenmeklerini, bedenlerini taplap gezmeklerini gazanypdyrlar. Ajaýyp döwrümizde hem eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň esasynda bu kadalaryň gitdigiçe kämilleşip, döwrebaplaşýandygynyň şaýady bolýarys. Çünki raýatlaryň saglygy döwletimizde ileri tutulýan wajyp mesele bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden kemala gelen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri dünýäniň köp dillerine terjime edilip, tebigy dermanlar arkaly keselleri bejermekde giňden ulanylýan gollanma öwrüldi. Halkymyz keramatly türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleri esasynda taýýarlanylýan jana şypa beriji melhem çaýlary gündelik durmuşynda yzygiderli ulanýar. Bu melhem içgileriň diňe bir keselleri bejermekde däl-de, olaryň öňüni almakda hem peýdasy diýseň uludyr.
Goý, ýurdumyzda il saglygy, ýurt abadançylygy babatda alnyp barylýan işler hemişe rowaçlyklara beslensin!
Pälwan Allanow, Balkanabat şäher prokurorynyň tälim alyjy uly kömekçisi.