29.03.2022
Watan — başymyzyň täji, Watana söýgi — iň belent söýgi. Her bir adamyň göbek ganynyň siňen topragyna, Watanyna bolan söýgüsi onuň bütin ömründe güýjüne güýç, ruhuna ruh goşýar.
Ynsan agy-garany saýgaryp, kemala gelenden soň, onuň watançylyk düşünjesi, duýgusy zähmeti bilen taplanýar, kämilleşýär, hakyky watançynyň kämilligi bolsa onuň ata-enesi tarapyndan goýlan binýatdan, berlen edep-terbiýeden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Biziň ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen dürdäne paýhasy Watana wepaly gulluk eden ilhalar ynsanlar Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömürleri, olaryň bitiren işleri, nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladalary bilen dabaralanýar.
Ýaşlaryň Watana, il-güne wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Taňryguly PürliÝew, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokuraturasynyň tälim alyjy sülçüsi.