ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KADALARY

23.05.2022

Energetika hukugynyň çeşmeleriniň arasynda halkara-hukuk kadalary möhüm orny eýeleýär we muňa bu kadalaryň ähmiýetiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilmegi hem şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.

Ýurdumyzyň energetika pudagynyň hukuk kadalaryny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen syýasy gepleşiklerini çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we Ýer ýüzündäki halklaryň gülläp ösmeginiň hatyrasyna hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik çygryndaky aragatnaşygy berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Berdimyrat ANNAÝEW, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory.