TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ KONSTITUSION HUKUKLARYNYŇ JENAÝAT IŞ ÝÖREDIŞINDE DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ AÝRATYNLYKLARY

06.06.2022

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny kepillendirýän kadalarynyň döwrüň talaplaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygynyň gazanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligine täsirini ýetirýär. Şonuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyzyň degişli kadalarynyň Adamyň hukuklarynyň ählumumy Jamamasynyň we adamyň hukuklaryny goramaga gönükdirilen beýleki halkara hukuk namalarynyň kadalary bilen sazlaşykly utgaşýandygy möhüm ähmiýete eýedir.

Raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň jenaýat iş ýöredişinde durmuşa geçirilişi kadalaşdyryş-hukuk kepillikleri bolan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň degişli kadalary arkaly kepillendirilýär, şeýle-de guramaçylyk-hukuk kepilliklerine degişli bolan agzalan kanunda bellenen kadalary ýerine ýetirýän deslapky derňew, kazyýet edaralary şol sanda Esasy Kanunymyza laýyklykda dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna we jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýän ýurdumyzyň prokuratura edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Jenaýat iş ýöredişinde ulanylýan «Bigünälik prezumpsi- ýasy» ýörelgesi adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny kepillendirýän esasy ýörelgeleriň biridir. O1 halkara hukuk kadalarynyň ählumumy ykrar edilen ýörelgelerine esaslanýar. Adamyň belli bir jenaýaty etmekde günäli bilinmegi iiçin, ilki bilen, günäniň kanunda bellenen tertipde tassyk bolmagy gerek, şonuň bilen birlikde, çykarylan hökümiň kanuny güýje girmegi zerur. «Kanunda bellenilen tertipde subut edilmegi» diýlende, jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagyna ýol berilmän ýygnalan subutnamalaryň jeminiň kazyýet mejlisinde günäni tassyk etmegine we kazyýetiň oňa degişli baha berip, höküm çykarylmagyna düşünilýär.

Ýurdumyzda hereket edýän ähli kanunçylyk namalary bilen birlikde jenaýat iş ýörediş kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär we ynsanperwerleşdirilýär. Munuň özi raýatlaryň kanunlara hormat bilen garap, jemgyýetçilik tertip-düzgüni saklamaga bolan isleginiň artmagyny, jemgyýetçilik asudalygynyň gazanylmagyny üpjün edýär.

 

Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy