NETIJELI DUŞUŞYK

01.07.2022

Ýakynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirilip, onda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa boýunça borçnamalary ýerine ýetirmekde hem-de kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlar hakyndaky kanunlar bilen bagly alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar öňki gazanylan netijelere esaslanyp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň
2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça ýurt maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda çaganyň saglygy, iýmitleniş we çaganyň irki ösüş hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek, çagalary zorlugyň, sütemiň we durmuş-ykdysady gowşaklygyň ähli görnüşlerinden goramak barada aýdyldy. Şeýle hem ýaş nesliň ýokary hilli inklýuziw hem-de döwrebap bilim almak mümkinçilikleriniň elýeterliligini giňeltmek ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýurdumyzyň döwlet edaralary we iri jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigi bellenildi.

 

Allamyrat AMANDURDYÝEW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine
ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.