06.08.2022
Ýurdumyzda dolandyryş işiniň kämilligi döwlet edaralarynda işleýänleriň — döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygy, ahlak keşbi we işewür sypatlary, ýokary derejedäki medeniýetliligi, edepliligi bilen pugta baglanyşykly.
Iş we durmuş babatda hemişe üstünlik gazanmak, oňyn netijelere ýetmek üçin döwlet gullukçysy özünde birnäçe edep-häsiýetleriterbiýelemäge borçludyr. Muňa başgaça «Döwlet gullukçysynyň etikasy» ýa-da «Döwlet gullukçysynyň edep kadalary» diýip kesgitleme berip bolar.
2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, döwlet gullugy — bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan hünär işidir. Şeýle hem Kanunyň 3-nji maddasynyň 1-nji bendiniň 1-nji böleginde bellenilişi ýaly, döwlet gullukçysy döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatydyr.
«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynda döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşy barada: «Gulluk özüni alyp barşy — döwlet gullugynyň ahlak mazmunyna döwletiň we jemgyýetiň talaplaryny beýan edýän kadalaryň jemi, olar döwlet gullukçysynyň öz gulluk işini amala aşyrmagynyň barşynda özüni alyp baryş düzgünleriniň emele getirilmegi üçin esas bolýar» diýlip kesgitlenendir.
Bilermenleriň pikirine görä, her bir üstünlikli wezipe gulluga, at-abraýa ýeten adamlaryň 85 göterimi daş-töweregi bilen ýakymly aragatnaşyk etmek başarnygyna, ukybyna görä, 15 göterimi bolsa diňe özüniň kämil bilimine görä mynasyp bolupdyr. Bu bolsa ýene bir gezek edep kadalarynyň talaplaryny we işjeň aragatnaşygyň kanunlaryny berjaý etmek bilen üstünlige, at-abraýa ýetip bolýandygyny subut edýär.
Edeplilik örän giň düşünje bolup, ol ynsan häsiýetlerindäki, adamlaryň özara gatnaşyklaryndaky düzgün-tertibi, edepliligi, medeniýetliligi öz içine alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerden söz açýan «Döwlet guşy» romany, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» ýaly birnäçe ajaýyp kitaplary hem kämil döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda biz üçin usuly gollanma bolup hyzmat edýär. Pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitaplarda eziz Watanymyzyň mukaddesligine, halkymyzyň uzak asyrlardan bäri dowam edip gelýän asylly däp-dessurlaryna, döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Milli ahlak kadalarymyz milli mirasymyzyň baý gaznasynyň «Kowusnama», «Gorkut ata», «Wagzy-Azat», «Görogly» ýaly pähim-paýhas gorlaryny özünde jemleýän ençeme eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.
Döwlet gullukçysynyň ilkinji berjaý etmeli zatlarynyň biri hem halkyň döwlet edaralaryna ýüz tutup gelýän wekillerini göwnejaý kabul etmek we olaryň arz-şikaýatlarydyr tekliplerini diňlemegi başarmakdyr. Sebäbi döwlet gullukçysynyň ýüzi — döwletiň ýüzi, diýmek, döwlet gullukçysy ilkinji ädiminden başlap, halkyň ýüregine aralaşmagyň «açaryny» tapmaly. Ol sada geýnişden başlap, asylly durky, ynamly nazary, açyk göwni, düşnükli we açyk sözleýşi, aýdyň soraglary, takyk, anyk jogap bermegi öz içine alýar. Şol zatlar döwlet gullukçysynyň halk bilen dessine «dil tapyşyp», özara ynam esasynda işläp başlamagyna, baý maglumatlary ele almagyna mümkinçilik berýär.
Goý, biziň ählimize eziz Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagty miýesser etsin! Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr.
Bibihajar ORAZOWA, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.