10.08.2022
Ynsany bezeýän gözel häsiýetleri özünde jemleýän halkymyz halal zähmeti bilen ertirlerine eýe çykjak nesillerine nusgalyk görelde görkezmegi iň dogry ýol hasaplapdyr. Halallyk, halal zähmet, halal çörek, halal ýaşamak baradaky düşünjeler dogrusynda ata-babalarymyzdan miras galan rowaýatlara, tymsallara, çeper aýtgylara, nakyllardyr atalar sözlerine näçe diýseň gabat gelmek bolýar.
Ata-babalarymyz: «Halal zähmet — baky döwlet», «Halal işle, haýyr tap», «Halala hasap bar, harama — azap» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Halallyk durmuşymyzy gözelleşdirýän, ýaşaýşymyza nur saçýan şöhledir. Şonuň üçin halkymyz nesil terbiýesini zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barýar. Perzendini zähmet çekmäge gönükdirmek arkaly terbiýeleýär.
Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça meýilleşdirilen toplumlaýyn çärelere we wezipelere laýyklykda, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» bölümi döredildi. Bu internet saýtynyň «Iş üpjünçilik» bölüminiň üsti bilen iş gözleýän raýatlar, bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tiz wagtda tanyşmak, iş berijiler bolsa gerekli hünärmen baradaky maglumatlary öwrenmek we saýlamak, zähmete ukyply raýatlaryň işe ýerleşmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr. Bu konstitusion kadalar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda öz beýanyny tapýar. «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.
Zähmet kanunçylygynda kesgitlenilýän hukuk kadalary döwletimiziň zähmet hukuk gatnaşyklarynyň esasgoýujy ýörelgelerini özünde jemleýär. Raýatlaryň bu çygyrdaky hukuklaryny hem azatlyklaryny pugtalandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, her bir adamyň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr. Zähmet kanunçylygy zähmet işiniň prosesinde saglygy goramagy kepillendirýän kadalar ulgamyny belleýär. «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goramak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygyrlaryndaky gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kadalaşdyryjy namalar arkaly düzgünleşdirilýär. Maýyplygy bolan raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur şertleri döretmek, olaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak üçin çäreleri işläp düzmek göz öňünde tutulandyr.
Köp çagaly maşgalalara goldaw bermek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Onda köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan ýeňillikleriň döredilýändigi, döwlet kömek pullarynyň artdyrylmagy barada giňişleýin hukuk namalary beýan edilýär.
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň islendik jemgyýetiň ösen derejesi tutuş ilatyň ýaşaýyş ýagdaýy, hususan-da, ilatyň zähmete bolan hukuklaryny we kepilliklerini üpjün etmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda döwletiň goldawyna mätäç ilat gatlaklarynyň, ýagny çagalaryň, ýaşlaryň, ýaş eneleriň we ýaşuly nesliň wekilleriniň durmuş üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan kepillendirilişiniň ýagdaýy bilen kesgitlenýär. Arkadagly Serdarymyzyň: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýen çuň manyly sözleri bolsa, her bir ynsany ruhlandyrýar.
Maýsa KURBANOWA, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.