HUKUK NAMALARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

29.11.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda her günümiz taryhy ähmiýetli wakalara, ösüşli pursatlara beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, oba hojalygyny ösdürmegiň ýer bilen bagly kanunçylyk namalaryna uly ähmiýet berilýär.

Ýaňy-ýakynda kanunçylyk namalaryndan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 10-njy maddasynyň on ikinji tesimi: «Ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň möçberlerini hem-de ol tölegleri hasaplamagyň we tölemegiň tertibini hasaplaýar», şeýle-de 11-nji maddanyň birinji böleginiň on üçünji bendinde: «Ýerden peýdalanmak hukugyna we ýere kärende hukugyna güwä geçýän resminamalar berlenden soňra, her aýyň 1-indäki ýagdaýyna görä, olaryň nusgalaryny hem-de ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň anyk hasaplanan möçberleri baradaky maglumatlary degişli häkimlige hem-de maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň degişli salgyt edarasyna iberýär» diýlip bellenilen üýtgetmeler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzda täze halkara konwensiýalara goşulmak üçin kanunlar hem kabul edildi. Olara mysal hökmünde, ýaňy-ýakynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlary halkara satyn almak-satmak boýunça şertnamalar hakyndaky konwensiýasyna goşulmak hakynda», «Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky konwensiýa goşulmak hakynda», «Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky çarçuwaly Ylalaşyga goşulmak hakynda», «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilendigini aýtmak bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysady ugurlara hem-de halkara hukuk ulgamyna degişli kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi üçin uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun.

 

Salamat AZATKULYÝEWA, Çärjew etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.