10.12.2022
Ýurdumyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden Bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi.
Türkmenistan dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary dowamly alyp barýar. Ata Watanymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz iri we abraýly halkara guramalary, esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär, bu babatda oňyn netijeler gazanýar. Şeýlelikde, döwletimiz halkara derejesinde uly abraýa, mertebä eýe bolýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi häzirki zaman taryhynyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz döwletimiziň şanly seneleriniň biri bolup, asuda ýurdumyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän, onuň ruhy baýlygyna, taryhy we milli däp-dessnrlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtamak bolar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy tutuş dünýäde uly goldawa eýedir. Bu goldaw, wagtyň geçmegi bilen, giň gerim alýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy» atly Rezolýusiýasy ikinji gezek kabul edildi. Elbetde, munuň özi biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan ugrunyň dünýäde ykrar edilýändigini subut etdi. Bu Rezolýusiýalaryň mazmuny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda: «Turkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip beýan edildi.
Bilşimiz ýaly, 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Halkara Maslahatda Gahryman Arkadagymyz Halkara Bitaraplyk gününi döretmek baradaky pähim-parasatly başlangyjy öňe sürdi. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi dünýä bähbitli taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Döwletimiz dünýäniň abraýly guramasy bolan BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk Bitarap döwletdir. Munuň özi halkymyz üçin belent mertebedir, täze türkmen taryhynyň uly ähmiýetli wakasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir, onuň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp tapgyrydyr.
Häzirki dnwürde Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri BMG bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegidir. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, yzygiderli hem durnukly ösüşi üpjün etmek, ulag, ekologiýa, energetika babatdaky meseleleriň çözülmegine ýardam bermek ýaly giň halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ilatyň iýmitlenmeginiň gowulandyrylmagy ugrunda zerur çäreleriň görülýändigi, zenanlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilýändigi barada nygtady. «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatyny öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň özenini daşary döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, birek-birege kömek bermek ýaly ýörelgeler düzýär.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Watan goragy mukaddesdir», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Turkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgeleri giňden beýan edilýär.
Ýeri gelende bellesek, türkmen Bitaraplygy öz gözbaşyny Oguz han atamyzyň döwründen alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz goňşy ýurtlar we halklar bilen agzybir, oňşukly, parahat durmuşda ýaşamaga çalşypdyrlar. Beýleki milletleriň medeniýetlerini, däp-dessurlaryny hormatlapdyrlar.
Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň jebisliginiň, gazanan ýeňişleriniň miwesi, döredijilikli zähmetiniň üstünlikli netijesi, ösüşleriň we kämil nesilleri ýetişdirmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.
Arassa asmanymyzyň asudalygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy, raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we bu babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.
Aýbölek NURSÄHEDOWA, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurary, 1-nji derejeli ýurist.