03.02.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär. Täze kanunlar kabul edilip, raýat jemgyýetimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi hem döwrebap kanunlaryň biridir. Bu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, aýry-aýry, şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
Ady agzalan Kodeksiň 1-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekden, zähmetiň amatly şertlerini döretmekden, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Kodeksiň 2-nji maddasynda ýurdumyzyň zähmet kanunçylygynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygy, şeýle hem şu Kodeksden hem-de zähmet hukugynyň kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdygy kesgitlenendir.
Biz raýatlaryň arasynda guraýan düşündiriş çärelerimizde olara şu Kodeksden gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny täsirli düşündirýäris. Sebäbi, raýatlarda zähmet gatnaşyklary bilen bagly sowallar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şeýle bolansoň bu Kodeksiň many-mazmunyny düşündirmeklige uly üns berýäris.
Eziz GYZYLOW, Murgap etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.