SUNGATYŇ SARPASY

02.03.2023

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» adyny bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy medeniýet we sungat işgärleriniň Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň bu Karary Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa» ýaly milli medeniýetimizi we aýdym­saz sungatymyzy ösdürmegiň kämil mekdebi bolan ajaýyp eserlerinde beýan eden dürdäne nesihatlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylyşynyň hem aýdyň beýanydyr.

Milli medeniýetimiziň täze ösüşlere ýetmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, işleri rowaç bolsun.

 

 

Maýa AGAÝEWA, Balkan welaýat prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist