09.03.2023
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde türkmen halkynyň ynsanperwerlik, adamkärçilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly ýörelgeleri bilen birlikde, halkara hukugynyň iň bir naýbaşy, adamzat bähbitli kadalary hem öz beýanyny tapdy. Mysal üçin, öňki hereket eden Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde bolmadyk, emma täze güýje giren Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 3-nji maddasynyň 4-nji böleginde: «Hiç kim özüniň günäsizligini subut etmäge borçly däldir. Günälilik barada dörän şübheler inkär edilip bolmasa, aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär» diýen halkara hukugynda «Günäsizlik prizumpsiýasy» diýlip atlandyrylýan täze goşulan düzgün hem hormatly Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan jemgyýetçilik gatnaşyklaryna düýpli ornaşdyrylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň kanunçylyk taýdan durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 1948-nji ýylda kabul edilen «Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan» alnan bu kada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 34-nji maddasynda hem ornaşdyrylandyr.
Ýurdumyzyň adalatly we ynsanperwer jenaýat kanunçylygynda jezanyň maksady hem, ilkinji nobatda, jenaýat eden adamyň düzelmegine we onuň jemgyýet üçin peýdaly ynsan bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Täze güýje giren Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde hökmany işler hökmünde täze jeza çäresiniň girizilmeginiň esasy sebäbi hem şol ýörelgeden, adam hakdaky aladadan we ony mümkin boldugyça jemgyýetden üzňeleşdirmän, zähmetkeş, halal, dogruçyl we jenaýatlardan daşda durýan adam hökmünde terbiýelemekden ugur alýar. Hökmany işler iş kesileniň öz esasy işinden ýa-da okuwyndan boş wagty jemgyýet üçin peýdaly işlerde tölegsiz işlemeginden ybaratdyr. Hökmany işleriň görnüşleri we olaryň ýerine ýetirilmeli ýerleri jenaýat-ýerine ýetiriş edaralary tarapyndan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 71-nji maddasyna: «Adamyň ölmegine getirmedik ýa-da adamyň saglygyna agyr zyýan ýetirmedik agyr jenaýaty ilkinji gezek eden kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar, göwreli ýa-da üç ýaşa ýetmedik çagasy ýa-da on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagaly aýallar, üç ýaşa ýetmedik çagasy ýa-da on alty ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany ýeke terbiýeleýän erkek adamlar, pensiýa ýaşyna ýeten adamlar jebir çeken ýa-da şikaýat eden adam bilen ýaraşsa we ýetiren zyýany düzetse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner» diýen täze düzgün girizildi. Bu bolsa ata-babalarymyzdan gelýän çaga, zenana, ýaşuly adama aýratyn hormat goýmak, sylamak, geçirimlilik, ynsanperwerlik ýaly kämil ýörelgelerimiziň milli jenaýat kanunçylygymyzda hem orun alandygyna şaýatlyk edýär.
Ata Watanymyzyň ösüşleriniň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, adamyň we raýatyň hukuklarynyň goraglylygyny ählitaraplaýyn üpjün etmekde taýsyz tagallalar edýän eziz Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Gözel BALLYÝEWA, Daşoguz welaýat prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.