SAÝLAW — HALKYŇ ISLEGI

01.04.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň tamamlaýjy tapgyry dowam edýär. Saýlaw möwsüminiň çäklerinde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly geçirmek boýunça tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda saýlaw toparlary tarapyndan bu syýasy-jemgyýetçilik çärä guramaçylyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Demokratiýa, ilkinji nobatda, ähli adamlaryň deňligine, olaryň erkinligine esaslanýar. Demokratiýanyň esasy maksady, jemgyýetiň dürli toparlarynyň bähbitleriniň deňagramly bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Demokratik döwletiň esasy alamatlarynyň biri bolan saýlawlar raýat jemgyýetini ösdürmegiň bir şertidir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 26-njy martda geçiriljek saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk we demokratik ýagdaýda geçişine syn etmek üçin milli we türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça çagyrylan halkara synçylaryň hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň topary, GDA-nyň synçylar topary gatnaşýarlar.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynda uly özgertmeler amala aşyrylyp, ol halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýär. Dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan jemi üç syýasy partiýa: Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýa peýdalandy. Şeýle hem raýatlar toparlary öz dalaşgärlerini hödürlediler. Saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak, telewideniýede, radioda, metbugat neşirlerinde çykyş etmek üçin dalaşgärleriň ählisine deň hukuklar we mümkinçilikler döredildi.

Milli we halkara synçylaryň işi üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda geçýändigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, merkezi saýlaw toparynyň ýardam bermeginde ähli zerur tehnikalar we aragatnaşyk enjamlary, usuly gollanmalar bilen üpjün edilen toparyň ştaby açyldy.

Ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik esaslarda, halkara kadalara, milli kanunçylyga laýyklykda, tutuş jemgyýetçiligiň gözegçiliginde adalatly geçirilýändigini, synçylaryň kämil derejeli ulgamynyň, ýagny institutynyň emele gelendigini, şeýle hem Türkmenistanyň halkara derejede borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny äşgär edýär.

Goý, eziz Watanymyzy we halkymyzy agzybirlikde rowana ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Serdar HOJAMGULYÝEW, Balkanabat şäheriniň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.