DÖWLET MAŞGALADAN BAŞLANÝAR

04.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzdan miras galan «Durmuş maşgaladan başlanýar» diýen jümlämiz bizi maşgala mukaddesligine alyp barýar.

Maşgala gurmak bilen, islendik adam täze bir dünýäniň gapysyny açýar. Her bir maşgala öz ýerinde kiçijik döwlet bolmak bilen, ýurdumyzyň guwanjyna öwrülýär. Deňeşdirmelere salgylansak, biziň ýurdumyz maşgala jebisligini gorap saklamakda öňdäki orunlary eýeleýär. Ol hem türkmeniň asyl terbiýesinden, gözüniň göreji deýin gorap gelen milliliginden, milli däp-dessurlaryndan gelip çykýar. Türkmen gyz-gelinleri «Dogdugymdan — düşdügim» diýen ýörgünli söze eýerip, durmuşa çykyp gidensoň, diňe durmuşa çykan ýeri, gaýynlaryna hyzmaty bilen bolýar. Ol biziň ählimiz üçin buýsandyryjydyr. Çünki ol bize «Maşgala näçe berk boldugyça, döwlet hem şonça berkdir» diýen sözleriň hakykatdygyna ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde milli ýörelgelerimiz, maşgala gymmatlyklarymyz, türkmençilik däplerimiz öz beýanyny tapýar. Onda maşgala agzalarynyň maşgala gatnaşyklaryna esaslanan hukuklary we borçlary kesgitlenip beýan edilen.

Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserindäki dürdäne nesihatlarda aýdylyşy ýaly, ula hormat, kiçä sarpa, zenany sylamak, maşgala gymmatlyklaryny ähli zatdan ýokarda goýmak, ejize ganymlyk etmezlik, mätäji goldamak ýaly häsiýetler asyrlaryň dowamynda türkmeniň ganyna, süňňüne ornan häsiýetlerdir.

Raýatlaryň jemgyýetçilik bähbitleri bilen şahsy bähbitleriniň sazlaşykly utgaşýan ýeri bolan maşgala hakyndaky alada biziň döwletimiziň iň möhüm wezipeleriniň biridir. Türkmenistanda maşgalanyň pugtalanmagy we rowaçlanmagy üçin has amatly şertler döredilýär, raýatlaryň maddy hal-ýagdaýy özgerýär we ösýär, maşgalanyň ýaşaýyş jaý-durmuş we medeni ýaşaýyş şertleri barha kämilleşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi olaryň il-ýurt bähbitli başlangyçlaryny we maşgala gymmatlyklaryny goldamakda täze mümkinçilikleri döretdi. Munuň özi Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Maýa AGAÝEWA, Balkan welaýatynyň prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi