TERBIÝE—ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY

25.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimize bildirilýän beýik ynamyň nyşany bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda täzeden-täze başlangyçlaryň binýady goýulýar, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy, döwrebap hünärleri ele almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Ata-babalarymyz döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, öz nesillerini adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan watansöýüjilik, asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetler bilen terbiýeläpdir. Bu ýörelgeler häzirki zaman terbiýesine hem mahsus bolup, şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän eserler nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, islendik terbiýeçilik işiniň gönezliginde Watan, millilik hakyndaky gymmatly düşünje bar. Şahsyýetiň aňynda milli ruhuň gymmatlyklary, ýörelgeleri kemala gelip, goýazylaşan halatynda onuň öz halkynyň hakyky perzendi bolup ýetişjekdigi gümansyzdyr. Ata Watanyňa, göbek ganyň daman topragyňa, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nesillere galdyryp giden maddy we ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasymyza bolan söýgi, guwanç, buýsanç hem mähir duýgulary öz-özünden döremeýär. Bu mukaddes söýginiň, guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki-damary maşgala terbiýesinden hem görüm-göreldesinden, milli ýörelgelerden gözbaş alýar.

Ýaşlar hakyndaky aladalary döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymy- zyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlaryň öňküden-de yhlasly okap, işläp, öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirip, ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň öň hatarynda bolmagy, diňe öňe tarap hereket etmegi zerurdyr. Olaryň ata Watanymyza mynasyp, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly nesiller bolup,ýurdumyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýarys.

Goý, türkmen halkynyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, milli ruhumyza kybap edep-terbiýeli bolmagy ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Merdan BEGLIÝEW, Ak bugdaý etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.