HALAL ZÄHMET — BAKY DÖWLET

28.04.2023

Gahryman Arkadagymyz terbiýeçilik işiniň täsirine ýugrulan «Ömrümiň manysy» atly dürdäne eserinde: «Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki «halypalar» diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr. Halkymyz öz nesillerini geçmişde-de şeýdip ýetiş-diripdir. Ata-babalarymyz öz nesillerini, ine, şu taýsyz nusganyň - hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jan-dilden söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler» diýip nygtamak bilen, nesillerimizi merdana ata-babalarymyzyň bize baky miras galdyran maddy we ruhy mukaddeslikleri esasynda terbiýelemegi nesihat edýär.

Ata-babalarymyz: «Halal zähmet adamy terbiýeleýär», «Zähmet soňy — rehnet», «Işleseň, il tanar», «Eklenjiň yzyndan diňe halallyk ýeter», «Halal zähmet — baky döwlet», «Halal işle, haýyr tap», «Halala hasap bar, harama — azap», «Abraý aljak bolsaň artyk işle», «Baýlygyň enesi ýer, atasy — zähmet», «Halal zähmetiň ahlagy päk» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Halallyk durmuşymyzy gözelleşdirýän, ýaşaýşymyza ýagty nuruny saçýan Gün şöhlesidir. Şonuň üçin halkymyz nesil terbiýesinde okuwy zähmet bilen utgaşykly alyp barýar. Işsizligiň ýaramaz endiklere alyp barýandygyny Magtymguly Pyragynyň «Ulalanda iş hoş ýakmaz, ýaşlykdan köýmän ýigide» diýen setirlerini yzygiderli aýtmak bilen wagyz edýärler.

Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan halal zähmet bilen sapaly durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilen we ol resmi taý-dan kanunçylyk esaslarynda hem berkidilendir. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 1-nji maddasynda: «Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň esasy wezipeleri raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini we kepilliklerini döretmekden, ykdysady ösüşi gazanmaga, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň netijeli işlemegini üpjün etmäge, işgärleriň, iş berijileriň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasynda durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen zähmet gatnaşyklaryny, şeýle hem zähmet bilen gös-göni baglanyşykly beýleki gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmekden ybaratdyr» diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat, Zähmet, Maşgala kodekslerine, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary-na hem-de ýaşlar syýasaty çygryndaky hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna. şeýle hem «Türkmenistanyň durmuş-ykdy-sady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Mil-li maksatnamasyna», «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna» hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan ynsanperwerlige esaslanýan durmuş syýasaty ýurdumyzyň adam hukuklarynyň üpjün edilýän ýurdy hökmünde dünýä tanadýar.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girdi. 7 bapdan we 37 maddadan ybarat bolan bu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitläp, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralma-gyna gönükdirilýär hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyza halkymyzyň hoşallygy çäksizdir.

 

Maýsa KURBANOWA, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.