ÖSÜŞIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

16.05.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalyp, olara uly ynam bildirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynamyna eýe bolan ýaşlaryň ata Watanymyza mynasyp, ylymly-bilimli, edepterbiýeli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi üçin döredilen şertler bolsa her birimizi buýsandyrýar.

Ýaşlara ynam — geljege ynam. Ýaş nesilleriň nurana geljegi, ilkinji nobatda, ylym-bilim, edep-terbiýe bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde şeýle diýip belledi: «Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler». Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlaryň öňküden-de yhlasly okap, işläp, öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirip, diňe öňe tarap hereket etmegi zerurdyr. Nesil terbiýesinde Milli Liderimiziň sargytlary, gymmatly kitaplary, öwütündewleri mizemez ýol-ýörelgedir, ýaş nesle kämil bilim-terbiýe bermekde, olaryň Watana, il-halka bolan söýgüsini artdyrmakda gymmatly gollanmadyr. Olarda şu günüň iň wajyp meseleleri gozgalýar, geljek üçin örän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri, her sözi, edil dirilik suwy ýaly, milletimiziň hem döwletimiziň synmazlygyny, öňe gitmegini üpjün edýär. Ýaş nesli terbiýelemekde milli ýolýörelgelerimiz hem uly orun eýeleýär. Bu babatda türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ömür ýoly aýratyn ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesilleri terbiýelemekde egsilmez hazynadyr. Şahyryň öwütündew häsiýetli goşgulary ýaşlar üçin nusgalyk ýoldur. Olar ýaş nesliň aňyna nakyl ýaly berk ornaşýar, ýaşlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýeleýär. Beýik akyldaryň döredijiligi many-mazmun babatda umman ýaly giňdir. Şahyryň bize miras goýup giden baý many-mazmunly, watansöýüjiligi, belent ynsanperwerligi ündeýän goşgulary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmän, kalplara röwşenlik çaýýar. Şonuň üçin hem bu goşgular umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilýär. Goý, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, milli ruhumyza kybap edep-terbiýeli bolmagy ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Nurmyrat ZOROW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.