ÇÄKSIZ HORMATÝŇ EÝESI

21.06.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eserinde beýan edişiýaly, ejelerözperzentleň üçin perişde hasaplanylýar. Eje bolmak her bir zenan üçin iň belent mertebe. Tutuş millete käbe bolmak bolsa, Ylahydan berlen derejedir. Çünki oňa Hak özüniň nazar saljak perzendiniň ejesi bolmak bagtyny miýesser görüpdir. Türkmen halkynyň käbesi, Gahryman Arkadagymyzyň ejesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat eje-de hut şeýle käbelerdendir.

Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, maşgaladaky edim-gylymlary, terbiýeçilik usullary, girim-çykymdan başy çykýan zenan hökmünde, ene hökmünde görüm-göreldesi öwrenilip, entek kän-kän kitaplar ýazylmaly, ýazylaram. Sebäbi, ene hakdaky gürrüňler soňlanmazdyr.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly dürdäne eserinde:

«Taryhyň dowamynda bina edilen türkmen döwletleriniň soltanlarynyň kuwwatly güýje eýe bolmagynda, olaryň pähimli netijä gelip bilmeklerinde hem eneleriň täsiriniň bolandygyna men ynanýaryn. Bular barasyndaky durmuş hakykatynyň hemmesi bize mälim däl bolmagy-da mümkin. Ýöne eneleriň öz perzendiniň görnükli adam bolup ýetişmeginde uly orun eýeleýändigini welin hiç kim inkär etmez» diýip belleýär. Hut şu jähetden hem ilhalar ogullary terbiýeläp ýetişdirmegiň
nusgasyna öwrülen bu üýtgeşik zenanyň ömür ýoly asyrlap öwrenilmäge, tejribesi, edim-gylymy ile ýaýylmaga mynasyp.

Bol hasyl eçilip, daş-töwerege saýa salyp oturan miweli bagy synlanyňda, oňa ideg eden bagbanyň yhlasy görünýär. Ýetişdiren perzentlerini synlanyňda bolsa ata-enäniň yhlasy, edep-terbiýesi nazaryňa ilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn.

Ogulabat eje baradaky maglumatlary okanyňda ýa-da ony tanan, onuň bilen söhbetdeş bolmak, bir ömre ýeterlik gyzylyň gyryndysy ýaly öwüt-ündewlerini diňlemek bagty nesip eden zenanlary diňläniňde, onuň tutuş durky bilen maşgala ojagyna berlen, juda päkize, perzentleriniň terbiýesini ilkinji nobatda goýýan, olar barada irginsiz alada edýän, mähir bilen gurşaýan, ilşükli, işeňňir, eli süýji, eli çeper, şu artykmaçlyklardan daşary hem okumyş, elmydama öz üstünde işleýän, goňşular bilen hemişe oňat gatnaşyk saklaýan we töwerekdäki zenanlara ýagşy görelde bolmak bilen çäklenmän, hemişe olara kömek etmäge taýýar ajaýyp türkmen zenanynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň Ogulabat ejäniň käteler hukuk ugrundan kitaplary eline alyp, okap berýändigi, türkmençilik däp-dessuryna belet bolan bu mähriban zenanyň döwletiň kanunçylygyndan hem habarlydygynyň onuň okumyşlygyndandygy baradaky ýatlamalaryny okanyňda, bu nusgalyk zenana bolan hormatyň goşalanyp, onuň ömür ýoluny öwrenmäge islegiň artýar.

Bilşimiz ýaly,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýin- de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň Gahryman Arkadagymyzyň ata- enesine bagyşlanan bölüminde Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesi hem-de inçeden syk ören gülli joraby ýerleşdirildi. Ogulabat ejäniň 1971-nji ýylda baldyzy üçin ýigrimi günüň içinde taýýar eden bu el işleri üstünden elli ýylyň aşandygyna garamazdan, nepisligini ýitirmän, maşgalada gelneje-baldyzyň arasyndaky mähirli gatnaşykdan, agzybirlikden habar berýän senetçiligiň naýbaşy nusgasy hökmünde Döwlet muzeýine bezeg berýär. Göreni haýrana goýýan kürtede ak, sary, gyzyl, gara ýüpek sapaklar sazlaşykly timarlanyp ulanylypdyr. Kürte lybasynyň keşde bezeginde «içýanagyz», «okgözi», «tazyguýruk», «gyýak» ýaly gadymy milli nusgawy nagyşlaryň inçeden ussatlyk bilen sünnälenişini synlamak bolýar. Kürtede nagyşlaryň geometrik sazlaşygy, reňk aýratynlyklary, keşdäniň sapaklarynyň biri-biriniň içinden sykgeçirilmegi mähriban enäniň türkmeniň milli keşdeçilik sungatynyň ussady bolandygyny aýdyň görkezýär. Onuň jorap örmek sungatyndan hem inçelik bilen baş çykarandygyna şol muzeýdäki gülli joraby doly şaýatlyk edýär. Mähriban käbämiz gülli joraby «ýürek», «kebelekli tegbent», «alagowurdak» nagyşlary bilen bejeripdir.

Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan «At- da wepa-da bar, sapa-da» atly eserinde: «Akýal, mele reňkli taýçanaga käbämiň ören alajasyny dakdym» diýen jümle- sini okanyňda, elinden dür dökülen Ogulabat ejäniň keşde çekmek, jorap örmek ýaly el işlerinden başga-da, alaja örmegiňde ussady bolandygyna göz ýetirýärsiň.

E1 hünäriniň milli nusgalaryny dünýä ýaýan parasatly hem ussat zenan Ogulabat ejäniň çeper el işleri türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerini, aýratyn-da, gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramyny, zähmet terbiýesini, ukypba-şarnygyny özünde jemläp, geljekki nesillere galjak mirasymyzyň nusgalyk sungat eserleridir.

Arkadagly Serdarymyzyň beýik tagallalary bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň düzümine milli sungatymyzyň birnäçe ugurlary bilen bilelikde «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» hem girizilmegi türkmen zenanlarynyň yhlasly zähmetine, maşgala mukaddesligini saklamakdaky hyzmatyna dünýäniň beren beýik bahasy boldy.

Dünýämizi nurlandyrýan enelerimiziň söýgüsi olar bu dünýäden gidenlerinden soň hem ýüreklerimizde galyp, ýagty geljege ruhlandyrýar. Olaryň senadan doly dileg-dogalary, keremli alkyşy bolsa biziň ebedilik hemramyza öwrülýär. Şu mukaddeslikler kalplardaka ähli perzentler synmaz ynamlydyr, sarsmaz galkanlydyr, ojaklar abatdyr, dünýeler parahatdyr.

 

Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli