BAGTYÝARLYGYŇ ESASY

29.06.2023

Kämilleşdirilen demokratik ýörelgelere esaslanyp hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup durýar. Jemgyýetimizdäki dürli gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de häzirki zaman kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýaly wezipelerden ybarat bolan maksatlara ýetmegiň ugrunda alnyp barýan işleriň hukuk binýadyny berkidýär.

Garaşsyz Watanymyzyň baky berkararlygynyň kepili bolan mukaddes Tugumyz her bir türkmen raýaty üçin ezizdir. «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlişi ýaly hor matly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda dünýäde uly abraýa, beýik ösüşlere eýe bolan döwletimiziň Baýdagy dünýäniň çar künjeginde erkana parlaýar. Ýaşyl Tugumyzdaky bakylygyň, dowamatyň nyşany hökmünde ykrar edilen zeýtun şahalarynyň keşbi hemişelik Bitaraplygymyzyň buşlukçysydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Arkadagly Serdarymyzyň bu paýhasly sözlerinden mälim bolşy ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy dünýä ýaýrap, ýurdumyz parahatçylyk söýüjiligiň mekany, dünýä halklaryny ynsanperwerlik düşünjesine has-da birleşdirmäge çagyrýan merkez hökmünde tanalýar.

 

Didar Ataýew, Görogly etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.