DÖWREBAP BILIM - BAGTYÝAR GELJEK

03.07.2023

Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýär, olary Watanymyzyň ganaty, röwşen geljegi hasaplaýar.

Ýaş nesilleriň çuňňur bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuşy ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda maksatnamada bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.«Bilim hakynda»Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynyň 10-njy bendinde «Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary — döwlet hünär bilimi edaralaryna altyn medal bilen sylaglananlar döwlet we halkara ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna giriş synaglaryna gatnaşmazdan, orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan; kümüş medal bilen sylaglananlar döwlet we halkara ders bäsleşikleri niň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugrunda degişli ders boýunça bir giriş synagyny üstünlikli tabşyran ýagdaýynda, orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan; bürünç medal bilen sylaglananlar döwlet we halkara ders bäsleşikleriniň ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlyk ugruna degişli ders boýunça iki giriş synagyny üstünlikli tabşyran ýagdaýynda, orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryna gatnaşmazdan kabul edilýär» diýlip bellenendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna aýratyn üns berip, ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça geljegini gurmagyna,ýurdumyzyň ylym ulgamyna işjeň aralaşmagyna döreden ägirt uly mümkinçilikleriniň bir bölegi bolup durýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar, mekdeplere we çagalar baglaryna dünýä ylmynyň iň soňky gazanan kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň aýdyň geljegini döredijiler bolan ýaşlaryň kämil bilim almaklary üçin ähli taraplaýyn aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Mähri Käbişowa, Daşoguz şäher prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.