SAGDYNLYGYŇ SAKASY, ROWAÇLYGYŇ BINÝADY

18.07.2023

Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly tutuş jemgyýetiň hem- de her bir raýatyň sagdynlygyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda binýadyny goýan ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ulgamyň kanunçylyk hem-de maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap sport düzümleriniň döredilmegi, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagy, sagdyn durmuş bilen baglanyşykly köpçülikleýin hereketleri öz içine alýan çäreleriň asylly däbe öwrülmegi ajaýyp miwelerini berýär. «Professional sport hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, şeýle hem «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi hem bu babatda uly ähmiýete eýedir.

Soňky ýyllarda türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň Baýdagyny belentde parlatmaklary, ýurdumyzda birnäçe gezek iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ildeşlerimiziň hatarynyň artmagy buýsandyryjy hakykatdyr.

Diňe şu ýylyň ilkinji üç aýynda türkmenistanly türgenler abraýly halkara ýaryşlarynda 80 medal gazanmagy başardy. Watanymyzyň sport abraýyny artdyran türgenleriň döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda sylaglanmagy bolsa olary täze üstünliklere ruhlandyrýar. 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem-de 2025-nji ýylda Aşgabatda guraljak Sambo boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmek türkmenistanly türgenleriň esasy maksatlary bolup durýar.

Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin sport hereketi ähli ýaşdaky we dürli kärdäki raýatlary öz içine alýar. Asylly däbe görä, her ýyl talyplaryň arasynda geçirilýän Uniwersiadalaryň hem-de dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmagynda guralýan Spartakiadalaryň «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygarynda bu hereketiň esasy maksady şöhlelenýär.

Zamanamyzyň naýbaşy taslamasy bolan Arkadag şäherinde-de sport düzümlerini döretmek, aýratyn-da, bu ýeri atçylyk sportunyň ösen merkezine öwürmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bina edilýän täze şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da artdyryp, olary geljekki nesillere miras galdyrmaga ýardam eder. Kämilligiň nusgasy bolan şähere wekilçilik edýän täze döredilen «Arkadag» futbol toparynyň ilkinji duşuşyklaryny ýeňiş bilen başlamagy bolsa geljekki sport üstünlikleriniň buşlukçysydyr. «Arkadag» topary milli çempionatyň 1-nji tapgyrynda «Merwden» 2:1, Türkmenistanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynda «Energetikden» 4:0 hasabynda üstün çykdy.

Eziz Diýarymyzda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek, ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürmek ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleri rowaçlyga beslensin!

 

Sähragül Akmyradowa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi.