31.03.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri geçirmek, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmak hem-de Russiýa Federasiýasynyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk barada resminamalara gol çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 30-njy marty — 2-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa:
— “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama”;
— “1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Ýüzlenmesiniň taslamasy hakynda” Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň çözgüdine;
— “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy hakynda” Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň çözgüdine türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, aşakda görkezilen ýolbaşçylara:
1) Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa “Sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga”;
2) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa “Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini (2005 ý.) ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ylalaşyga»;
3) Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Teswirnama”;
4) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa “Özara söwda barada statistik maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ähtnama”;
5) Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa “Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Transkapitalbank” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Ylalaşyga”;
“Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Döwlet ýöriteleşdirilen Russiýa eksport-import bankynyň (paýdarlar jemgyýetiniň) arasyndaky Ähtnama”;
6) S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa “Ylmy hyzmatdaşlyk we oba hojalyk ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak hakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Önümçilik-ylmy tohumçylyk assosiasiýasynyň (“Tohumlar” assosiasiýasy, Moskwa şäheri) arasyndaky Ähtnama” türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.